Gadymy Merw ady bilen tanalýan arheologiýa ýadygärlikleri Marydan 30 kilometr gündogarda, Murgap derýasynyň jülgesinde ummasyz ýerinde ýerleşýär.
Binalarynyň köp bölegi ýykylan diwarlary bolan şäherleriň her biri öz döwründe: Erkgala miladydan öňki VI asyrda, Gäwürgala miladynyň III asyrynda, Gyzgala VI, Soltangala XI, Abdylla han gala XV asyrda pajarlap ösüpdir.
Erkgala barada tanymal arheolog Wadim Mihaýlowiç Masson: «Soňy bilen Parfiýa Merwiniň daýanjy bolan Erkgala şäheri 16 gektar meýdany tutupdyr, ol çig kerpiçden gurlan galyňlygy 60 metre golaý diwar bilen gurşalypdyr, onuň merkezinde kaşaň binalar bolupdyr. Täze gazuw-agtaryş işleri bu şäheriň has gadymy medeni gatlaklarynyň azyndan miladydan öňki VI asyra degişlidigini görkezdi» – diýip ýazypdyr. Bu ýerden tapylan köp sanly teňňeler alyma şeýle netijä gelmäge mümkinçilik beripdir.
Erkgalanyň diwarlary gurlanyna ýüzlerçe ýyllar geçse-de, häzirem öňki belentligine galypdyr. Ol beýleki galalardan saýry gelýär. Häzirki wagtda diňli diwarlarynyň beýikligi 25 – 29 metre ýetýär.
Daşyndan göräýmäge Erkgalanyň girelgesi ýok ýaly görünse-de, ol günorta tarapyndaky depede ýerleşipdir.
Roman Teplýakow