Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 2705

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy şeýle hem döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan dostlukly hem-de netijeli türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Şu ulgamda ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwatyň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy şol hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Nebitgaz pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, onuň ýangyç serişdelerini çykarýan hem-de gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmak, maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu babatda hukuk kadalaryna esaslanýan ylalaşykly halkara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzinde “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başyny başlan öňdengörüjilikli syýasatynyň, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmeginiň uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmäge, ugurdaş düzümiň gurluşygyna ýardam edýändigi bellenildi. “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy kompaniýanyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyndan umumy abadançylygyň bähbidine netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny belläp, nebitgaz ulgamyny sanlylaşdyrmaga, pudaga ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki ösüşiň iň gowy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu babatda daşary ýurtlaryň, şol sanda rus kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribesi netijeli ulanylyp bilner. Russiýanyň kompaniýalary bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.