Ï Demir ýollar täzelenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Demir ýollar täzelenýär

view-icon 11900

«Türkmendemirýollary» AGPJ-niň ýol abatlaýyş toparlary demir ýoluň ýokarky bölegini düýpli abatlamak işini alyp barýarlar. Bamy-Bereket bekediniň çäginde könelen relsleri täzeler bilen çalyşmak işine girişildi. Bu ýerde ýakyn wagtlarda täze polat ýoluň ilkinji on kilometri çekiler. Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine barýan uly demirýol böleklerinde şu ýyl jemi elli kilometre golaý relsi çalyşmak meýilleşdirilýär. Köne ýoluň şonça aralygy geljek ýyl Aşgabatdan Türkmenabat şäherine barýan ýollarda-da täzelener. «Türkmendemirýollary» AGPJ Latwiýanyň SIA «HB» kärhanasy bilen uly möçberde polat ýollary getirmek barada şertnama baglaşdy. Önümleriň ilkinji topary eýýäm abatlaýyş işleri üçin ulanylýar.

Wladimir Komarow