Ï Türkmen tennisçileriniň üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tennisçileriniň üstünligi

view-icon 3385

Türkmen tennisçileri 12 toparyň gatnaşmagynda Isa Town (Bahreýn) şäherinde geçirilýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda Dewis Kubogynyň «playoff» tapgyryň oýunlaryna ýetdiler. Olar bu ajaýyp üstünligi ýaryşyň toparlaýyn tapgyry tamamlanmanka, bir tapgyr öňünden gazandylar.

Ildeşlerimiziň çykyş edýän «B» toparynyň ikinji günündäki oýunlaryň netijesini Yrak bilen Omanyň toparlarynyň duşuşygy açdy. Ýaryşyň başynda watandaşlarymyz 3:0 hasabynda utulan Yrak döwletiň türgenleri Omanyň tennisçilerini hut şunuň ýaly hasap bilen utdular. Şeýlelikde, Mongoliýanyň ýygyndy topary bilen boljak oýundan öň Türkmenistanyň toparyna «playoff» tapgyryna wagtyndan öň çykmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredi.

Miraly Gasanowyň şägirtleri bu pursatdan ussatlarça peýdalanyp, dünýä tennis reýtinginde 129-njy orny eýeleýän Mongoliýanyň toparyny şu gün 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Ýekelikdäki ilkinji duşuşykda Ýuriý Rogusskiý 1 sagat 5 minutda Hatansuih Batbaýary 6:1, 6:1 hasabynda utdy. Ikinji duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 1-nji belgili oýunçysy Isa Mämmetgulyýewe Suhbaatar Puntsagy utmak üçin, ondanam az, 38 minut gerek boldy — 6:0, 6:0. 46 minut dowam eden jübütligiň üçünji oýnunda toparymyzyň agzalary Oýunbold Baatara we Hatansuih Batbaýara diňe iki utuk giderdiler — 6:0, 6:2.

Toparlaýyn tapgyryň jemleýji oýnunda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Omanyň topary bilen oýnamaly, şondan soň «playoff» tapgyryň oýunlary geçriler.

Beýleki toparlardan «playoff» tapgyra Dewis Kubogunyň zolaklaýyn ýaryşynda iki ýeňiş gazanan Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Kambojanyň toparlary çykdy. Bu tapgyra gatnaşjaklaryň doly düzümi ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji duşuşyklarynyň netijelerine görä belli bolar.

«Playoff» tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy üç topar geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda oýnamaga hukuk gazanar.

«AA»-nyň habarçysy