Ï BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň wekili bilen gepleşikler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň wekili bilen gepleşikler geçirildi

view-icon 4886

2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň Direktory Wiorel Gusu bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň FAO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryna seredilip geçildi. Türkmen tarapynyň Guramanyň işine ýokary baha berýändigi hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşiniň we azyk howpsuzlygynyň saklanylmagy üçin çäreleriň gowulandyrylmagy ulgamynda dünýä tejribeleriniň ulanylmagyna gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň hem ösdürilmegine ygrarlydygy beýan edildi.

Taraplar bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň işlenilip düzülmegi we olaryň doly derejede durmuşa geçirilmegi babatynda pikirleri alyşdylar. Şeýle-de taraplaryň FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagy boýunça özara hereketlerini has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklary nygtaldy.

Gepleşikleriň çäklerinde BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Sebitleýin edarasynyň Direktory 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyryldy.