mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Ýerli gorlara esaslanyp

view-icon 2931

Daşoguz şäherinde ýerleşýän kafel plitalaryny öndürýän kiçi kärhana ýanýoda niýetlenen plitanyň täze dört görnüşini öndürmegi ýola goýdy. Biri-birinden dürli biçüwi we şekili bilen tapawutlanyp, «Türkmen göl», «Samarkant», «Korund» we «Şewrolet» ýaly şahyrana atlary göterýän bu önümler landşaft dizaýnynda, meýdançalary abadanlaşdyrmakda, seýilgähiň pyýada ýollarynda ulanmak üçin niýetlenendir. Esasan ýerli çig mal serişdelerinden öndürilýändigi üçin bu önümler ekologiýa taýdan arassa bolup, berkligi hem uzak hyzmaty bilen tapawutlanýar. Sebitdäki ýaşaýyş jaý gurluşyk we hususylaýyn bölek satuw edaralarynyň geriminiň barha giňeýändiginiň göz öňünde tutulmagy netijesinde, şunuň ýaly plitalara aşa berkligi, estetik owadanlygy, ulanyşda amatlylygy sebäpli häzirki wagtda uly isleg bildirilýär.

Ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan hususy kärhana degişli önümleriň sanawyna ondan gowrak önüm, şol sanda jaýlaryň bezegi üçin dürli ölçegli we dürli reňkli kafel plitalary, pyýada ýollar üçin plitalary, jaýlaryň ýüzüni we sokol böleklerini timarlamak üçin plitalar, pol plitalary, penjire plitalary, bezeg sütünjikleridir diwar plitalary we başgalary öz içine alýar. Onuň kuwwatlylygy ýylda 30 müň inedördül metr önümdir. Kiçi kärhananyň tehniki taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy tutuş tehnologik ýagdaýyň çeýeligine ýardam edýär. Kärhana, plitalara şekil bermek üçin öz galyplaryny öndürip bilýär we sarp edijileriň isleglerine görä, önümleriň ölçegini hem biçüwini üýtgetmäge, şol sanda öndüriji desgalary islege görä täzelemäge-de ukyplydyr. Kärhananyň girizen täzelikleriniň arasynda eýwan basgançaklaryna niýetlenen gar-gaýda taýmazak üçin örtük hem bar.

Hususy telekeçilik düzümleri Daşoguz welaýatynda gurluşyk pudagynyň ösüşine ýokary derejede işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda sebitde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, dürli aragatnaşyk, jemgyýetçilik we medeni maksatly desgalaryň esasy bölegi şolaryň paýyna düşýär. Indi olar ýerli çig maldan peýdalanmak bilen, dürli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini yzygiderli özleşdirýärler.

Batyr Öräýew