Ï Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyndan goranmak boýunça täze taslama
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyndan goranmak boýunça täze taslama

view-icon 5865

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň ÖM we Bütindünýä banky bilen bilelikde Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyndan goranmak boýunça täze taslamany işe girizmegi göz öňünde tutýar.

Taslama synag etmek we bejeriş, lukmanlaryň hünärini ýokarlandyrmak, reagentleri, dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny satyn almak, pandemiýa bilen baglaşykly durmuş töwekgelçiliklerini hem-de saglyk babatda töwekgelçilikleri aradan aýyrmakda milli mümkinçlikleri berkitmegi göz öňünde tutýar. Taslama ýokanç kesellere gözegçiligi amala aşyrmak üçin sanly çözgütleri ornaşdyrmagy goldar.

«BMG-niň ÖM milli saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak we häzirki hem-de geljekki pandemiýalara taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin Bütindünýä banky, BMG-niň beýleki agentlikleri we Türkmenistanyň Hökümeti bilen tagallalary birleşdirmäge taýýar» diýip, BMG-niň ÖM-niň Türkmenistandaky täze hemişeik wekili Narine Saakýan belledi.

Türkmenistanda ýurduň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygyny we oňa garşy durmagyny üpjün etmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan Milli meýilnamanyň kabul edilendigini bellemek gerek.

BSG-niň Türkmenistandaky ýurt edarasy bu resminamany durmuşa geçirmegiň ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Aýjahan Ataballyýewa