Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 3155

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzir döwletimiziň ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de öňdebaryjy kanun çykaryjylyk tejribesine laýyklykda, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Döwlet býujetiniň taslamasy boýunça Mejlisiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hakyky demokratik ýörelgeleri berkitmek boýunça geçirýän işleriniň aýratyn möhüm ähmiýetini belledi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 13-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda, amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet maksatnamalaryny hukuk taýdan goldamak, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler geçirilýär. Mejlisiň deputatlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde hereket edýän kanunlar seljerilýär hem-de täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de amala aşyrmaga, ilatyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirmäge işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli depgini bellenildi. Bu gün resminamalaryň 120-si ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny emele getirýär.

Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Hususan-da, Gazagystan Respublikasy Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 16-synyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýakyn goňşy ýurtlar, şol sanda dostlukly Gazagystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, biziň döwletlerimiziň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça taraplaryň eýeleýän ornunyň ýakyndygy halkara derejede netijeli gatnaşyk etmäge berk binýat bolup durýar.

Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda onuň uly kuwwatyny has doly peýdalanmaga, uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şol sapar dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhyna nobatdaky möhüm sahypany ýazmaga gönükdirilendir.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara hem-de Türkmenistanyň wekiliýetini iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi hem-de bu resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu babatda degişli işleri geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklarynyň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we hereket edýänlerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda hem-de Türkmenistanyň Býujet kodeksini ýerine ýetirmek maksady bilen, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibiniň rejelenen görnüşdäki taslamasy taýýarlanyldy. Durmuşa geçirilýän döwlet maýa goýum syýasatyna laýyklykda, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny we olaryň täzeleriniň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigini nazarda tutup, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini karz edaralarynyň depozit hasaplaryna geçirmek arkaly döwlet düzümleriniň hem-de hususy bölegiň täze önümçiliklerini we söwda şertnamalaryny maliýeleşdirmek üçin gysga, orta hem-de uzak möhletli karzlary bermek göz öňünde tutulýar.

Resminamada Býujet kodeksine laýyklykda, karz bermegiň ugurlary giňeldildi we şertleri kämilleşdirildi, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, karz alyja bir taslamanyň çäklerinde berilýän karz serişdeleriniň aňryçäk möçberleri kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna “Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýurdumyzyň okgunly ösüşini, Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň çykdajylardan artykmaç girdeji böleginiň netijeli ulanylmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, bu gaznanyň 2008-nji ýylda döredilendigini aýtdy. Bu strategik ähmiýetli ätiýaçlyk maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk peýdalanylmagy, göz öňünde tutulyşy ýaly, karz-pul syýasatyny alyp barmakda, ykdysady ösüşiň ýokary depginini saklamakda, milli we döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde maliýeleşdirilýän, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, ýurdumyzyň tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde oňyn täsirini ýetirýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň maksadalaýyk sarp edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 27-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzir foruma 32 döwletiň 100-e golaý kompaniýalaryndan, halkara guramalardan we iri banklardan wekiller sanly ulgam arkaly gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Maslahatyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar guralar. Onuň pes uglerodly energetika meselesine bagyşlanan bölümleriniň birini bolsa BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinden teleköpri arkaly guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara maslahatyň maksatnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, her ýyl geçirilýän bu ýöriteleşdirilen forumyň Türkmenistanyň ägirt uly serişde we ykdysady kuwwatyna eýe bolan strategik nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň aýrylmaz şertleriniň biridir.

Bitarap Türkmenistan energetika diplomatiýasyny işjeň öňe sürüp, täzeçil tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmak bilen, iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bolan ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Milli Liderimiz hödürlenilen maksatnamany makullap, wise-premýere halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Ol hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, umumy bähbitlere kybap gelýän täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin açyk meýdança öwrülmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer bu ugurda görülýän çäreler barada aýdyp, degişli Karara laýyklykda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 30 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsüminde 15 milliondan gowrak bag nahallary ekilip, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, tebigata aýawly garamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek möwsümi asylly däbe öwrüldi. Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Onda şäherleriň we obalaryň töwereginde, ulag ýollarynyň ugrunda ýaşyl zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde mundan beýläk-de ekologiýa meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere öňümizdäki ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, zerur enjamlar, serişdeler hem-de ulag tehnikalary satyn alyndy.

Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijini çekmek boýunça işler ýurdumyzyň energogurluşykçylarynyň güýji bilen amala aşyryldy. Täze elektrik geçirijiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabarany ýokary derejede guramak maksady bilen, çäreleriň degişli meýilnamasy düzüldi.

Ýurdumyzyň iki welaýatyny baglanyşdyran ýokary woltly täze elektrik geçiriji içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, daşary ýurtlara eksporta ugradylýan elektrik energiýanyň mukdaryny artdyrmak üçin hem tehniki mümkinçilikleri döreder.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esaslaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýet berilýän ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamanyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli geçiriljek dabara ägirt uly taslamanyň birinji tapgyrynyň amala aşyrylandygyny alamatlandyrýar, şol taslamanyň esasy maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de welaýatlaryň we Aşgabadyň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  görülýän çäreleriň şäherleriň we obalaryň energiýa bilen üpjün edilişiniň hilini gowulandyrmaga, öňde duran durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň wajyp wezipelerini çözmäge hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny giňeltmäge hyzmat etjekdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu sergi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde emeli döredilen Ýumesima adasynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda geçiriler. Türkmenistan “EKSPO” sergilerine öň hem birnäçe gezek gatnaşdy, häzir bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän sergide ýurdumyzyň kuwwaty üstünlikli görkezilýär.

Wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna degişli guramaçylyk komitetini döretmek hem-de “EKSPO — 2025”-iň guramaçylyk komiteti bilen bilelikde, zerur bolan taýýarlyk işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň jogapkär wekilini bellemek baradaky teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýädäki ýagdaýlara başlangyçlar arkaly gatnaşýan Türkmenistanyň öz ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitleriň hatyrasyna peýdalanmagy teklip edip, dünýä derejeli maksatlar babatda öz garaýyşlaryny hem-de şolara ýetmekdäki mümkinçiliklerini açyk beýan edýändigini nygtady.

Häzir jemgyýet durmuşymyz üçin geljegi döretmek babatda täze açyşlaryň bosagasynda dur, şoňa görä-de ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä gözden geçirilişine gatnaşmagy bu ählumumy ýagdaýa öz goşandyny goşmak bilen birlikde, eksport mümkinçiliklerini görkezmek, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze gözýetimleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz halkara sergä taýýarlyk görmegiň çäklerinde anyk netijeleriň gazanylmalydygyna ünsi çekip, wise-premýere guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy we bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, baýramçylyklara hem-de medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň hem-de medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär. Olaryň işine döwrebap tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Dürli döredijilik çärelerine, şol sanda maslahatlara, sergilere we bäsleşiklere, medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli çärelere taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyzyň mundan beýläkki üstünlikleri köp babatda bu ulgamyň okgunly ösüşine baglydyr.

Milli Liderimiz bu ulgamyň edaralarynyň işini işjeňleşdirmegiň, täze zehinleri ýüze çykarmagyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini guramakda häzirki zaman usullaryny we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet hünär bilimi edaralarynyň işini kadalaşdyrýan düzgünnamalary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen şu baýramçylyk ýylynda “Bilim hakynda” Kanunyň täze, rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bu möhüm ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrdy.

Wise-premýer degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan “Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakynda”, “Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda”, “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda” Düzgünnamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny aýtdy. Bu resminamalaryň mazmunyna hünär bilimi ulgamyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzgünleşdirýän, bilim işini dolandyrmagyň täze, döwrebap guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän kadalar hem-de düzgünler, döwlet syýasatynyň ýörelgeleri, hünär biliminiň bilim maksatnamalaryna bildirilýän häzirki zaman talaplary girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bilim ulgamy umumy ykrar edilen halkara ölçegleriň derejesinde ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklary üçin ýaş, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly başlangyçlaryň ählisiniň üstünliginiň ýaş hünärmenleriň hünär biliminiň derejesine gönüden-göni baglydygyny nygtap, dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek arkaly bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de işjeň alyp barmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz döwlet hünär bilimi edaralary hakyndaky Düzgünnamalary tassyklap we degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarda öňdebaryjy iş usullaryny hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Goranmak ministrliginiň “Milli goşun”, Içeri işler ministrliginiň “Asudalygyň goragynda”, Döwlet serhet gullugynyň “Serhet abat — döwlet abat” metbugat neşirlerini elektron görnüşe geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwürleýin neşir önümleriniň täze görnüşde işjeň ýaýradylmagynyň maglumat tehnologiýalarynyň artýan mümkinçilikleri bilen şertlendirilendigini belledi. Neşirleriň sanly görnüşe geçirilmegi okyjylaryň täze neslini — ykjam we döwrebap enjamlardan peýdalanyjylary çekmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň web-saýtlarynda ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini açyp görkezýän, türkmen halkynyň harby sungatynyň taryhy, häzirki wagtda bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşdyrýan, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň» türkmen bölegini döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli agentlikler tarapyndan haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda demir ýol ulagy bilen halkara gatnawda 6,1 million tonna ýük daşaldy. Şol sanda demir ýol ulagy bilen Özbegistan Respublikasyna eksport we ýurdumyza import edilen ýükleriň möçberi 885,6 müň tonna deň boldy.

2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 7485 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleriniň tirkegleri we ýarym tirkegleri üstaşyr geçirildi. Şol döwürde Özbegistan Respublikasy bilen serhetleşýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen 2914 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleri üstaşyr geçirildi hem-de 2046 daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleri Türkmenistana getirildi.

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi we onuň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, iki goňşy ýurduň arasynda import, eksport we üstaşyr ýükleriň mukdarynyň artdyrylmagyny, ýurtlaryň ulag-logistika mümkinçiliginiň doly ulanylmagyny we onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny gazanmak üçin «Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparyny» döretmek barada çözgüt kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Toparyň türkmen bölegini tassyklamak hakyndaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraply gatnaşyklaryň täze üstünliklere beslenýändigini nygtady. Milli Liderimiz ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň, şol sanda şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Daşkende bolan resmi saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň, geljegi uly meýilnamalaryň iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga ýardam etmelidigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyklaryň, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň çäklerinde amala aşyrylýan gatnaşyklaryň hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklarynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän ulag ýollarynyň strategik ähmiýetine aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary, şol sanda täze üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap hem-de beýan edilen teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr demir ýol we awtomobil ulaglary arkaly ýük daşalmagyny köpeltmek, geljekde beýleki goňşy döwletler bilen hem üstaşyr ýük daşalyşyny artdyrmak üçin degişli çäreleri görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garalyp, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Şeýle hem milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.