Ï Türkmenistanyň Prezidenti Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibini tassyklady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibini tassyklady

view-icon 5679

Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maliýe üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak, täze önümçilikleri, maýa goýum taslamalaryny we söwda şertnamalaryny öz wagtynda maliýeleşdirmegi amala aşyrmak hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Merkezi banka Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.