Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasy eziz Diýarymyzyň taryhy şanly senelerine – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi.
Çärä EYR-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 20-den gowragy – IRNA, ISNA, Fars, Mehr, Risalat, Hamshahri we beýlekileriň wekilleri çagyryldy.
Türkmenistanyň EYR-daky Adatdan daşary we Doy ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini giňden beýan edip, myhmanlara Ata-Watanymyzyň halkara başlangyçlary barada gürrüň berdi. Diplomat şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny, şu ýyl paýtagtymyzda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 15-nji Sammitini geçirmäge görýän taýýarlygyny aýratyn belledi.
2018-nji ýylda hatarynda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň Baştutanlary bolan «Hazar bäşligi» Aktau şäherinde (Gazagystan) Hazar deňziniň hukuk derejesi barada Konwensiýa gol çekdiler. Konwensiýany taýýarlamak boýunça işlere 1996-njy ýylda başlanylypdy.