Ï Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet saparynda bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet saparynda bolar

view-icon 5936
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet saparynda bolar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet saparynda bolar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli depgini bellenildi. Bu gün resminamalaryň 120-si ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny emele getirýär.

Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Hususan-da, Gazagystan Respublikasy Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 16-synyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn goňşy ýurtlar, şol sanda dostlukly Gazagystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda onuň uly kuwwatyny has doly peýdalanmaga, uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şol sapar dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhyna nobatdaky möhüm sahypany ýazmaga gönükdirilendir.