Ï 24-nji oktýabr- Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

24-nji oktýabr- Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni

view-icon 10432
24-nji oktýabr- Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni

1945-nji ýylyň 24-nji oktýabry Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen senesi bolup, bu sene her ýyl guramanyň agzasy bolan ýurtlarda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu halkara baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem bellenilip geçilýär. Bu gurama dünýäde parahatçylygy, erkinligi, azatlygy, döwletleriň biri-birine bolan ynamyny ösdürmek maksady bilen döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrýar. Şeýle hem dünýä döwletleri, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýär. Bu babatda ýurdumyz BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlislerinde wise-başlygyň wezipesini belent abraý bilen ýerine ýetirendigini hem-de döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli başlangyçlary esasynda birnäçe umumadamzat ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilendigini aýratyn bellemek gerek.

Türkmenistanyň BMG bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä jemgyýetçiliginiň derwaýys işlerine çynlakaý gatnaşmagy hem-de tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň netijeli çözülmegine ýardam bermäge bolan oňyn gyzyklanmasy bilen şertlendirilendir.

Bakydurdy Garaýew