Ï Nohura syýahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nohura syýahat

view-icon 7959
Nohura syýahat

«Döw gowagy», Köpetdag erezindäki Üç guýy hem Hur-Hury şaglawugy nirede?

Bu sowallara Ahal welaýatyndaky Nohur obasynyň ilaty aňsat jogap berip biler. Dünýäniň iň gözel ýerleriniň sanawyna giren owadan tebigat künjegi Aşgabatdan birnäçe sagat uzaklykda ýerleşýär.

Nohura syýahat bu ýere gelmezden has öň başlanýar. Köpi gören syýahatçylar, rowaýata görä, obanyň adynyň «noh» we «hаr» – «on eşekli» sözünden gelip çykandygyny aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä bir wagtlar tebigatyň bu gözel ýerlerine eşekli on adam gelipdir we obanyň ilkinji ýaşaýjylary bolupdyrlar.

Belli etnograf Galina Wasilýewa obanyň ilatynyň durmuş şertlerini jikme-jik öwrenip, «Nohurly türkmenler» temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar.

Ençeme asyr mundan ozalkysy ýaly, häzirki nohurlylar hem üzümçiliklerdir nar daragtlarynyň arasynda dag içinde ýaşaýarlar. Olaryň jaýlary dag daşlaryndan gurlan, şonuň üçinem bu ýeriň ilaty iň owadan şapagy we Günüň ýaňy dogup gelýän ajap pursatlaryny garşy alýarlar.

Bu ýerlere syýhaýat eden suratçy Erkin Ýazow şeýle gürrüň berýär:

-Biz Nohuryň üstünden geçip gitdik, ýöne az wagtda biz bu ýeriň we onuň adamlarynyň üýtgeşikdigine göz ýetirdik. Ir bilen şaglawuga gitdik. Bagyndan miweleri ýygnaýan adamlar bize ter armytdyr nar hödür etdiler. Nohur armydynyň üýtgeşik tagamy meni haýran etdi. Yza gaýdanymyzda biz ýerli tebipleriň ýygnaýan dermanlyk otlaryny ýygdyk.


Nohurlylar deňiz derejesinden 1600-1800 metr beýiklikde mellekde ekin ekýärler we miweli baglary ýetişdirýärler, dar jülgelerde we gaýalarda dermanlyk otlary ýygnap, olary guradýarlar. Tebigatyň bu «jenneti künjegi» ýylyň islendik pasly, hasam daragtlaryň ýapraklary altyn reňk çaýylýan güýzde owadan.

Nohurdaky üýtgeşik ýerleriň biri-de köwegine birnäçe adam sygýan ýaşy ençe ýüzýyllyk çynarly Gyzbibi atly keramatly ýerdir. Bu ýeriň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, Gyzbibiniň ýanyndaky gaýada edilen dileg kabul bolarmyş.

Syhaýatçy Erkinem her gezek täzeden-täze açyşlar bilen haýran edýän bu oba ýene gelmegi niýet edinipdir.

 

Swetlana Çirsowa
Suratçy: Erkin Ýazow