Ï Gadymy Amulyň tapyndylary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymy Amulyň tapyndylary

view-icon 20442
Gadymy Amulyň tapyndylary

Amul häzirki Türkmenabadyň eteginde ýerleşýän uly orta asyr şäheridir. Amulyň geografik ýerleşişini Orta Amyderýanyň Kelif, Zemm, Nawidah we Farap ýaly beýleki dört şäheriniňki ýaly, amatly güzer ýeri kesgitläpdir.

Şäher ýygy-ýygydan orta asyr awtorlary: Al-Istahri, Ýakut Hamawi, Al-Masut, Ibn-Hordabeg, Al-Makdisi we başgalaryň barlag obýekti bolupdyr. Olaryň hemmesi diýen ýaly Amulyň baý bazarlary hakda ýazýarlar.

“Amul” adynyň gelip çykyşy entek kesgitlenmedik; XV asyryň ahyryndan bu at Çärjew ady bilen çalşyrylýar. Şeýle-de bolsa, XVIII – XIX asyryň Ýewropa kartalarynda käwagt onuň öňki “Amul” adyny görmek bolýar.

Şäher şahristandan (berkitmeli merkezi bölek), ullakan arkdan (içki galadan) we senetçilik hem ýaşaýyş ýerlerinden (rabatdan) ybarat bolupdyr. Şahristan 9 gektara çenli meýdany bolan dörtburçluk bolupdyr. Ol paksow massiwinde ýerleşmek bilen, daş-töweregindäkilerden 21 – 24 metr beýiklikde howalanyp dur. Ark galanyň demirgazyk-günbatar burçunda gurlup, beýikligi 33 metr bolupdyr. Amul şahristanyny gurşaýan rabadyň meýdany 150 – 175 gektardan geçipdir.

Baryp-ha 1950-nji ýylda Galina Anatolýewna Pugaçenkowanyň ýolbaşçylygyndaky ÝUTAKE-niň (Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy) VII bölümiň medeni gatlaklarynyň mazmunyndan (ugur alyp), gul eýeçiliginiň giçki döwrüne degişli galanyň bardygyny ilkinji gezek kesgitledi. Bu barada ýazmaça çeşmelerde hiç hili maglumat ýok, şäher etegindäki depeleriň birinde bolsa X-XI asyryň başlaryna degişli aramgähiň harabalyklary tapyldy.

IV asyrdan başlap, şäheriň taryhynda çökgünlik zolagy görünýär, V – VII asyrlardaky ýaşaýşy barada bolsa arheologik tapyndylar ýok.

Araplar basyp alandan soň, Amul täzeden dikeldilýär we IX asyrda iň uly halkara söwda merkezleriniň birine öwrülýär, bu bolsa şäheriň depginli ösmegine goşant goşýar. Bu ýerde Günbatardan Gündogara (Merwden Buhara we ondan aňryk Hytaýa), şeýle hem Demirgazykdan Günorta (Gürgençden Balha, soňam Hindistana çenli) gidýän kerwen ýollary kesişýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bir nokady bolupdyr. 1220-nji ýylda Amuly mongollar weýran edipdirler.

Onuň ömrüniň indiki möhüm tapgyry XV asyrda başlanýar. Birnäçe asyryň dowamynda ol Buhara emirliginiň düzümine girip, Amyderýanyň güzerinde strategik ähmiýetli nokat bolup hyzmat edipdir. Geçen asyryň ýigriminji ýyllaryna çenli rabadyň we tutuş şäheriň üstüne howalanyp duran Çärjew beginiň köşgüniň töweregindäki galanyň diwarlaryny görmek bolýan eken. Ol 1920-nji ýylda gyzyl goşun şäheri basyp alandan soň, weýran edilýär. 1991-nji ýyldan başlap, Amul Kerki döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň ygtyýaryndadyr.

Türkmen hünärmenleri şäherçäniň golaýynda meýdan işlerini gurap, indi birnäçe ýyl bäri bu baý arheologik materiallary öwrenýärler. Soňky döwürlerde tapylan iň gyzykly tapyndylar barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurgözel Saryýewna Bäşimowa saýtymyzyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

2017-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärliklerde arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmek baradaky meýilnamany tassyklady.

Maksatnamanyň çäginde 2018-nji ýyldan bäri Amul şäherçesinde arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Şondan bäri Erkgalada, ýaşaýyş mähellesinde, şeýle hem stratigrafik çukurda işler alnyp barylýar.

Ýaşaýyş mähellesiniň gazuw-agtaryş işlerinde uly aşhana tapyldy. Bu jaýyň nahar bişirilýän ýer bolup hyzmat edendigine köp mukdardaky kül, iri we ownuk haýwanlaryň köpsanly süňk bölekleri, şeýle hem köp sanly keramika önümleri şaýatlyk edýär.

Gazuw-agtaryş işleriniň barşynda gyzykly tapyndylaryň üsti açyldy: mysal üçin, içki galanyň ýokarky, giçki gatlagynda orta asyr döwrüne degişli syrçaly keramikanyň bölekleri tapyldy, ýöne, umuman alanyňda, içki galanyň tapyndylary giçki döwre degişlidir. Içki galanyň ilkinji gazuw-agtaryş işlerinde XVIII-XIX asyrlaryň syrçalanmadyk küýzeleri we syrçaly galyň diwarly pyýalalardyr jamlar tapyldy.

Içki galada geçirilen ikinji gazuw-agtaryş işinde toýun möhür tapyldy. Onuň ýüzünde uly burma şahly ajaýyp haýwan, ähtimal sugun, şekillendirilipdir. Sugunyň töwereginde bolsa ýelmeme tegelek toýun nyşanlar ýerleşdirilipdir. Möhüriň diametri 5 sm, tutawajynyň uzynlygy-da 5 sm. Şu ölçegdäki, ýöne ýüzüne atyň, öküz kellesiniň, guşuň we sümmüliň şekili çekilen möhüri Wiktor Nikolaýewiç Pilipko Kerki etrabynyň “Mürzebeggala” atly gadymy ýadygärliginden tapypdy. Möhürler kerwen ýollarynda ýüklere bellik goýmak üçin ulanylan bolsa gerek, muňa Mary welaýatynyň Garagum etrabynda ýerleşýän Göbeklidepedäki möhür basylan toýun hatlar şaýatlyk edýär.

Pyýalalar – hytaý farfor “celadonlaryna” öýkünme aýratyn gyzyklanma döredýär, olaryň düýbüniň daş ýüzünde hytaý ierogliflerine öýkünme ýerleşdirildi.

Şurfuň aşaky gatlagynyň IX – XIII asyrlara degişlidigini aýna we zikgelenen keramika tapyndylary subut edýär. Aýna bölekleriniň arasynda grafiniň guýguçly bokurdagy bar. Ýene-de bir gyzykly tapyndy – bu, diametri 25 sm bolan möhürlenen toýun gapakdyr. Gapagyň tutawajynyň töweregindäki giň zolaga gaýtalanýan relýef şekilleri – fantastik haýwanyň penjesindäki towşan zikgelenip salnypdyr.

Aşak gatlaklaryň senesini anyklamak üçin, çukuryň gazuw işlerini dowam etdirmek alymlaryň indiki meýilnamalarydyr.

Roman Teplýakow