Ï Türkmensitanda ýene bir äpet haly dokalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmensitanda ýene bir äpet haly dokalar

view-icon 15597
Türkmensitanda ýene bir äpet haly dokalar

Türkmenistanda ýurduň Bitaraplyk gününe gabatlap, meýdany 210 inedördül metr haly dokalar. Balkan wealýatynyň Serdar şäherindäki çeper haly kärhanasynyň ussat halyçylary täze naýbaşy haly dokaýaralr.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi hünärmeni Ogulmaral Amanjaýewanyň aýtmagyna görä, äpet hala ahal gölleri salnar we ol «Türkmeniň ak öýleriniň» birini bezär.

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi tötänden däldir. El haly dokamak syrlaryny saklap galan çeper elli zenanlarymyz ýene-de üstünlikleri bilen haýran edýärler.

Geçen ýyl Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky çeper haly kärhanasynyň halyçylary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýdany 168 inedördül metrlik nala meňzedilen tegelek haly dokapdylar.

Şu ýyl 1941-1942-nji ýyllarda dokalan ilkinji äpet «Türkmen kalby» halysynyň dokalanyna 80 ýyl doldy. Ondan kän ýyl geçensoň meýdany 301 inedördül metrlik «Altyn asyr» halysy dünýäde iň uly el halysy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizilipdi.

Swetlana Çirsowa