Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Türkmenistanyň ilkinji konsertmeýsterleriniň biri Wladimir Nikolaýewiç Sapeginiň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.
Bu dabaraly çäräni konserwatoriýanyň kamera ansamblynyň mugallymy Maral Meredowa açdy. Ol ýygnananlara zehinli pianinoçynyň döredijilik ýoly barada gürrüň berdi.
Wladimir Nikolaýewiç 1910-njy ýylyň 17-nji aprelinde Orenburg şäherinde dünýä inipdir. Azerbaýjan teatrynda iş tejribesini toplan Sapegin 1933-nji ýylda Türkmenistana gelipdir. Bu ýerde zehinli konsertmeýsteriň döredijilik karýerasy «Türkmenradioda» dowam edipdir. Artist, tapýor bolup işlemek bilen, öz ussatlygyny kämilleşdiripdir, soň bolsa dirižýorlykda özüni synap görüpdir.
1941-nji ýylda Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň açylan ilkinji günlerinden Sapegin ol ýerde konsertmeýster bolýar.
Türkmen saz sungatynyň wagzyna we ösüşine Wladimir Nikolaýewiç tas ýarym asyr ömrüni bagyşlapdyr.
Pianinoçy barada SSSR-iň halk artistleri Maýa Kulyýewa we Medeniýet Şahberdiýewa uly hormat bilen pikirlerini aýdypdyrlar. Maýa Kulyýewa Sapeginiň türkmen sazyny aňlamak üçin gaýtalanmajak duýgusy bar diýip hasap edipdir. Şahberdiýewa bolsa sesiň aýratynlyklaryna aňryýany bilen düşünýän sazanda olary has owadan, has owazly etmek bilen, köp halk aýdymlarynyň garmoniýasyny baýlaşdyrdy diýipdir.
Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Nury Halmämmedow, Çary Nurymow we ýene birnäçe zehinli awtorlar bilen işleşende, Sapegin hemişe-de nepis ansambl birligini döretmegiň hötdesinden gelipdir.
Pianinoçy 1980-nji ýylda dünýäden ötdi, emma onuň hatyrasy juwan ýaşynda bu ajaýyp sazanda bilen çykyş etmek bagtyna eýe bolanlaryň kalbynda häzirem ýaşaýar.
Meredowanyň çykyşyndan soň diňe bir Wladimir Nikolaýewiçiň däl, eýsem onuň zehinli ogly Ýewgeniý Wladimirowiçiň hem hatyrasyna Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowa tomaşaçylar üçin Frederik Şopeniň «Noktýurn do-diez minor» eserini ýerine ýetirdi.
Ondan soň aýdymçy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Aýna Seýitgulyýewa Maral Meredowanyň sazandarlyk etmeginde birnäçe eseri ýerine ýetirdi. Ýygnananlar Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň bilelikde aýdan aýdymyndan-da lezzet aldylar. Artist Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň “Şasenem-Garyp” operasyndan Garybyň ariozasyny ýerine ýetirdi.
Tomaşaçylar el çarpyşmalar bilen artistleri ugradanlaryndan soň, aýdymçy Myrat Diwanaýew wideoýüzlenme arkaly Wladimir Nikolaýewiç bilen bile işlän döwri barada ýatlamalaryny gürrüň berdi.
Myrat Diwanaýew ýaş wagtynda, telewizion gepleşik üçin ýazgy gidip durka, birden Sapeginiň sazandalyk etmeginde ýerine ýetirilmeli eseriň notasyny unudýar. Wladimir Nikolaýewiç notany başdan-aýak ýatdan bilýändigini aýdyp, ýigidi köşeşdirýär. Çykyş ýokary derejede geçýär.
Konserwatoriýanyň birinji ýyl talyby Şaislam Kamiljanowyň ýerine ýetiren Rahmaninowyň «Mi bemol minor prelýudiýalary» we Şaislamyň mugallymy Wladimir Mkrtumowyň çalan Mosartyň «Re-minor fantaziýasy» baýramçylyk konsertiniň jemleýji çykyşlary boldy.
Roman Teplýakow
Suratçy: Alekseý Gimalitdinow