Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 19237
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylyň bu wakasy üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamyň ornunyň artmagynyň, sebit we ählumumy multimodal gatnawlar ulgamyna goşulyşmagynyň hasabyna, ata Watanymyzyň geoykdysady kuwwatyndan doly peýdalanmak babatda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Resminamada awtomobil ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyrda ulanmaga bermek bellenildi. Şolaryň iň soňkusyny 2023-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.

...Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň başlanýan ýerinde ýerleşen “Aşgabat” menziline tarap ugrady.

Milli Liderimiz awtobanyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklary bermek bilen, ýol çekmek ulgamynda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklary hususy gurluşyk kompaniýalary, taslamany düzüjiler, inženerler üçin ýolgörkeziji boldy. Işleriň ýokary hilini hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň halkara ölçeglere laýyk gelmegini üpjün etmek olar üçin esasy talap bolup durýar.

Gurluşygyň meýilnamasyna laýyklykda, awtoban alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Munuň özi dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär.

Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite zolak arkaly bölünipdir. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw hem-de haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär.

Ýol örtügi birinji derejeli täze awtoban döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup olar ýol örtüginiň we köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar.

Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde gurlan çatrykdan başlanýar. Bu ýerde elektron tölegi hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň nokady, dynç almak üçin niýetlenen meýdançalar ýerleşýär.

Ýokary tizlikli ýolda tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleriniň 10-sy meýilleşdirildi. Ýol hereketi ýörite ulgam arkaly dolandyrylar. Bu ulgamyň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýol gözegçilik gullugynyň esasy maglumatlary iberiler we ýatda saklanar. Bu işler ýapyk aýlawly teleýaýlym ulgamy arkaly ýerine ýetiriler. Şeýle hem şol ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň çyglylygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar iberiler.

Baş potratçy bolup çykyş edýän “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýoluň gurluşygynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işini «Ata Melhem» hususy kärhanasy, “Edermen” we “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri bilelikde amala aşyrýarlar.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine döwletimiz tarapyndan serişdeleriň bölünip berilmegi ýurdumyzda kuwwatly, bäsdeşlige ukyply hem-de durmuş ugurly işewürlige, onuň ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçilere möhüm wezipeleri ynanyp, olaryň ýokary hünär derejesine, işbaşarjaňlygyna hem-de mümkinçiliklerine bil baglaýar.

Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerinde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Asylly däbe görä, dabara gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, özi üçin ýörite niýetlenen ýere barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ägirt uly dabaralar bilen şöhratlanan hem-de tutuş dünýäni parahatçylyga we ynanyşmaga çagyrýan şu ýylyň ajaýyp wakalara beslenendigini belledi. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek bilen bagly geçirilýän şu günki dabara hem şolaryň biridir.

Bagtyýarlyk döwründe bu uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol, köpri gurmak ýaly sogap işleriniň dowamat-dowamdygynyň, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleriniň aýdyň mysalydyr.

Garaşsyz döwletimiziň ilatynyň hem-de ykdysadyýetiniň isleglerini kanagatlandyrmaga ukyply ulag-kommunikasiýa toplumynyň depginli ösdürilmegi kabul edilen maksatnamalaryň binýatlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýä ulgamyna yzygiderli goşulmagy, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarda geçelgeleridir halkalary baglanyşdyrýan üpjünçilik ulgamlarynyň has-da giňeldilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda döwletleri we halklary baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamynyň «altyn halkasyny» döretmäge gönükdirilen döwrebap inženerçilik desgalary, şol sanda awtomobil we demir ýollary, köprüler, howa menzilleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

Häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlykda ulag diplomatiýasy barha giň orny eýeleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde bu ugur boýunça anyk işleriň başyny başlan Bitarap döwletimiz ulag diplomatiýasyny döredijileriň hem biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi möhüm waka boldy.

Ýurdumyzyň çäklerinden irki döwürlerde hem beýleki döwletleridir halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly geçipdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy häzirki döwürde şol taryhy ýoluň dikeldilýändiginiň aýdyň nyşany bolan 600 kilometrlik Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurýan bu ýoly hem Bitarap döwletimiziň ulag ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmäge uly ähmiýet berýändigini, ulag diplomatiýasyny üstünlikli ösdürýändigini aýdyň görkezýär.

Täze ýoluň gurluşygyna 2019-njy ýylyň başynda badalga berildi. Ýaňy hem aýdyşym ýaly, onuň 1-nji tapgyrynyň, ýagny Aşgabat — Tejen aralygynyň gurluşygy doly ýerine ýetirildi.

Ýokary tizlikli ýoluň 2-nji tapgyryny (Tejen — Mary aralygy) 2022-nji ýylda, 3-nji tapgyryny (Mary — Türkmenabat aralygy) bolsa 2023-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Uzynlygy 203 kilometr bolan Aşgabat — Tejen ýolunyň we üpjünçilik desgalarynyň gurluşygyny «Türkmen Awtoban» paýdarlar jemgyýetiniň potratçylary bolan «Altyn nesil» hem-de «Edermen» hojalyk jemgyýetleri, «Ata Melhem» hususy kärhanasy ýerine ýetirdi.

Halkara derejeli bu ýol 6 sany hereket zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Täze ýoluň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda merkezleridir naharhanalar we myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýoluň ugrunda döwrebap elektron töleg terminallary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler, aragatnaşyk nokatlary, Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleri oturdyldy.

Mundan başga-da, köp sanly köprüler, ýerasty we ýolüsti geçelgeler, suw geçirijiler, ýangyç guýujy beketler gurlup, daşky gorag gözenekleri çekildi. Hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara standartlara laýyk gelýän çyzgylar çyzylyp, ýol belgileri ýerleşdirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Gözegçilik we dolandyryş ulgamy döwrebap enjamlaşdyrylyp, ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary hem döredildi.

Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäklerinden geçip, gözel paýtagtymyzy Lebap welaýaty bilen birleşdirjek bu ýol ýolagçylaryňdyr ýükleriň gysga wagtda, bökdençsiz gatnadylmagyny üpjün eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Onuň gurluşygy doly gutaransoň, ýurdumyzyň ýol ulgamynyň mümkinçiligi has artyp, logistik hyzmatlaryň hili hem ep-esli ýokarlanar. Halkara üstaşyr ulag düzümi we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilikler dörär.

Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetini we döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýeti bolan bu taslama milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, döwrebap senagat we ulag düzümini döretmekde türkmen telekeçileriniň işjeň orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hususyýetçilerine halkara derejeli şeýle iri taslamalaryň gurluşygynda geljekde hem uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edip, ýygnananlary we mähriban halkymyzy Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, “Ýoluňyz ak bolsun, eziz watandaşlar!” diýip, sözüni jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra milli Liderimiz düzümleýin ýol-ulag desgalaryny sertifikatlaşdyrmak ulgamynda ýöriteleşdirilen abraýly halkara düzümleriň wekilleriniň çykyşlaryny diňledi.

Ilki bilen, Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň sebit direktory we doly ygtyýarly wekili Domagoý Perkowiçe söz berildi. Ol ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň bir bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Myhmanyň belleýşi ýaly, onuň wekilçilik edýän kompaniýasy dünýäde gurluşyk işleri boýunça maslahatçy kompaniýa hökmünde uly tejribä eýedir. Habar berlişi ýaly, «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» dünýäniň 69 ýurdunda 6 müňe golaý şertnamany ýerine ýetirdi. Şolaryň hatarynda ýol gurluşygy, ýaşaýyş, senagat zolaklary we gurluşygyň dürli görnüşleri boýunça ençeme taslamalar bar.

Merkezi Aziýada iri taslamalaryň biri bolan bu ýokary tizlikli, sebit ähmiýetli hem-de halkara derejedäki awtomobil ýoluny ösen ykdysadyýetli, kuwwatly döwlet gurup biler diýip, Domagoý Perkowiç sözüni dowam etdi. Bu taslamanyň hut türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni howandarlygynda durmuşa geçirilendigine aýratyn üns berildi.

Ýoluň gurluşygynda ulanylan ösen internet tehnologiýalary, gözegçilik-geçiriş we töleg ulgamlary hem-de sürüjilere hödürlenilýän elektronika ulgamlary dünýäniň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýär.

Taslama badalga berlen pursadyndan başlap, degişli guramalaryň ählisi bilen hyzmatdaşlykda iň täze tehnologiýalar ulanyldy. Şonuň netijesinde, ýokary tizlikli ýoluň birinji tapgyry üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu ýol türkmen halkynyň buýsanjyna öwrüler diýip, myhman aýtdy we halkara ýoluň ýene-de bir aýratynlygynyň ekologik howpsuzlyk bilen baglanyşyklydygyny aýratyn belledi.

Awstriýanyň kompaniýasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny halkara derejeli Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, täze düzümleýin desganyň degişli güwänamalara — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygyny habar berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly çykyş eden Germaniýanyň Reýn-Westfaliýe welaýatynyň Ulag-aragatnaşyk ministrliginiň maslahat beriş bölüminiň agzasy, Germaniýa ulag ylymlary institutynyň professory Wolfgang Şults hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wolfgang Şults dabara gatnaşyjylary dünýäniň ýollarynda howpsuzlygy ýokarlandyrmak, ýol hereketini bökdençsiz dolandyrmak, hil gözegçiligini ýokarlandyrmak ýaly ugurlar boýunça ylmy işleri geçirmekde ýöriteleşdirilen okuw mekdebiniň işi bilen gysgaça tanyşdyryp, geçirilen barlaglaryň netijesinde ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoluna ýokary howpsuzlyk güwänamasyny bermek hakyndaky çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ýoluň gurluşygynda ýol bellikleriniň hem-de belgileriniň ulanylmagy halkara we Ýewropa standartlaryna doly laýyk gelýär. Bu ýokary tizlikli ýoluň awtomobil, demir ýollar, derýalar we sil suwlaryny sowujylar bilen kesişýän ýerlerinde emeli desgalar, köprüler, ýerasty geçelgeler, suw geçiriji turbalar göz öňünde tutuldy.

Wolfgang Şults ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň ýokary howpsuzlyk güwänamasyna mynasyp bolandygyny yglan edip, özüniň wekilçilik edýän institutynyň adyndan şu ýol bilen barýan sürüjilere hem-de ýolagçylara ak ýol arzuw etdi.

Soňra Awstriýanyň Dornbirn şäheriniň Ulag kommunikasiýalary we düzümleri departamenti tarapyndan bu ýokary tizlikli awtomobil ýoluna onuň gurluşygynda innowasion ýokary tizlikli tehnologiýalaryň ulanylandygy baradaky güwänamanyň gowşurylandygy bellenildi.

Soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy milli Liderimize hususy ulgamyň wekilleriniň adyndan ýurdumyzyň telekeçilerine şeýle halkara derejedäki iri taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmaga bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň 2019-njy ýylda başlanandygyny belläp, häzirki döwre çenli bu ýoluň Aşgabat — Tejen böleginiň çekilendigini aýtdy we döwlet Baştutanymyzy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň dolandyryş ulgamy, ýoluň ugrunda gurnalan howpsuzlyk we gözegçilik ulgamlarynyň döwrebap enjamlarynyň işleýşi bilen tanyşdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edara binasynda ýerleşen Dolandyryş merkezine tarap ugrady.

Bu ýerde hünärmen monitorda täze ýokary tizlikli ýolda ulag gatnawlaryny dolandyrmagyň tehniki mümkinçiliklerini görkezip, taslama laýyklykda, awtomobil ýolunyň ýokary standartlary nazara almak bilen enjamlaşdyrylandygyny nygtady. Awtobanyň düzüminde gözegçilik kameralary bilen üpjün edilen ýol polisiýasynyň bölümleriniň birnäçesi, tehniki taýdan hyzmat ediş nokatlary, ýol hyzmatlary gullugy göz öňünde tutuldy.

Soňra milli Liderimiz awtoulaga münüp we hereketiň başlanmagyna ak pata berip, uzynlygy 203 kilometre barabar bolan ýokary tizlikli awtomobil ýoly bilen Tejen şäherine tarap ýola düşýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň şu bölegi açylandan soň, ýol boýunça hereket başlandy: ýük awtoulaglarynyň we awtomobilleriň beýleki görnüşleri täze ýola rowana boldular.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulag-logistika düzümini ösdürmäge uly üns berilýär. Şonuň netijesinde, esasy awtomobil we demir ýollary çekildi, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty guruldy. Şolaryň ählisi Aziýada möhüm ulag we logistika merkezi hökmünde türkmen döwletiniň eýeleýän ornuny has-da berkitdi. Şunuň bilen birlikde milli Liderimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda halkara ähmiýetli ýol ulgamyny döretmäge we mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda we onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagynda ulag ulgamynyň möhüm orny bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň içerki we halkara gatnawlarda ýük dolanyşygyny artdyrmak hem-de ýurdumyzda gurulýan esasy awtomobil ýollaryny ählumumy ulgama birikdirmek zerurlygy bilen şertlendirilendigini bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna, ulagyň ähli görnüşlerinde daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Beýleki ulaglar — ýük we ýeňil awtoulaglar bilen birlikde täze ýoldan baýramçylyk lybasyna beslenen gelnalyjy kerweni hem geçdi. Munuň özi ýaş çatynjalaryň bagt toýunyň hem-de halkara ähmiýetli ýoluň açylyş dabarasynyň sazlaşygyny alamatlandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylar bagtyýar durmuşda ýaşap, öz zähmetleriniň hözirini görýärler hem-de şanly wakalary şatlykly, dabaraly ýagdaýda belleýärler.

Ýurdumyzda täze, bagtyýar maşgalalaryň emele gelýändigini aňladýan gelnalyjy hatarlary ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Diýarymyzyň her bir gününiň şatlyk-şowhuna, belent dabaralara beslenýändigini alamatlandyrýar. Munuň özi taryhyň dowamynda şöhratly pederlerimiziň arzuwlan berkarar döwletiniň binýadynyň berkdigini, onda ýaşaýan halklaryň bagtyýar zamananyň eşretinden hoşaldyklaryny aňladýar.

Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz düzümleýin desgalary, howpsuzlyk we gözegçilik ulgamlarynyň döwrebap enjamlaryny, sürüjilerdir ýolagçylar üçin söwda we hyzmat ediş desgalaryny, awtoulaglaryň tehniki hyzmat nokatlaryny synlaýar.

Awtobanlar tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň esasy aýratynlygy onuň diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenendiginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu ýokary tizlikli ýol beýleki ýollar, şol sanda awtomobil ýollary ýa-da bir derejedäki welosiped ýodajyklary bilen kesişmeýär.

Bellenen möhletlerde ýoluň uzaboýuna toprak, geotekstil düşeklerini ýazmak, çagyl-çäge garyndysyny düşemek işleri ýerine ýetirildi. Inženerçilik talaplaryna laýyklykda, 1-nji hem-de 2-nji gat daş düşeginiň hersiniň galyňlygy 30 santimetr bolup, 3-nji hem-de 4-nji gatlara, degişlilikde, 20 santimetrden düşeldi, ýagny daş-çagyl düşeginiň jemi galyňlygy 1 metre barabardyr. Mundan başga-da, ýoluň gurluşygynda 3 gat asfalt düşemek işleri ýerine ýetirildi. Olaryň her biriniň galyňlygy, degişlilikde, 10, 7 we 5 santimetre barabardyr.

Şu aralykda dürli görnüşli köprüleriň, ýerasty geçelgeleriň, ýolüsti geçirijileriň, trampedlerdir (uly ýola münelge-düşelgeler) monolit köprüleriň gurluşyklary doly ýerine ýetirildi. Dürli ölçegdäki suw geçirijileriň 76-sy, mallary geçirmek üçin ötükleriň 10-sy, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 17-si guruldy.

Demir päsgelçilik germewi hem-de daşky gorag gözenegi çekildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara standartlara laýyk çyzgylar çyzylyp, ýol belgileri ýerleşdirildi. Gözegçilik, aragatnaşyk we dolandyryş ulgamy döwrebap enjamlaşdyryldy. Şeýle-de ýol ugrunda uly we kiçi töleg terminallary ornaşdyryldy. Ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary, ýangyç guýujy beketler guruldy.

Ýoluň iki tarapynda medeniýet işgärleriniň hem-de sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olarda mähriban halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmelerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly işleriniň ähmiýeti wasp edilýär.

Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar, Tejene barýan ýoluň ugrunda ornaşdyrylan bezegli ak öýler dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini, şol sanda türkmenleriň durmuşyny, toý dessurlaryny, dokma sungatyny hem-de halyçylygy, keçe taýýarlamak işini, dürli senetçilik ýörelgelerini, milli oýunlary beýan edýän sahnalar görkezilýär. Şeýle-de bu ýerde goýun sürülerini hem-de düýeleri, gadymy çarwa durmuşyny, çopanyň ýakyn kömekçisi türkmen alabaýlaryny görmek bolýar. Esasy ýoldan uzak bolmadyk çäkde bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary, emele gelen howa şertleri barada gürrüň berjek film surata düşürilýär.

Ýoluň ugrunda söwdanyň gyzan pursatlaryny şöhlelendirýän gadymy Gündogar bazary ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere dürli harytlar bilen ýüki ýetirilen düýeleriň kerweni alyslardan gelýär. Artistler edebi-sazly kompozisiýalarda şol döwrüň kerwensaraýlarynyň ruhuny we many-mazmuna baý durmuşyny açyp görkezmegi başardylar. Bularyň ählisi Beýik Ýüpek ýolunyň hereket eden döwründäki özboluşly durmuşy janlandyrýan ýaly bolup görünýär. Ençeme asyrlar mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň ugry türkmen topragyndan geçipdir we ol häzirki döwürde gaýtadan dikeldilýär.

Ýokary tizlikli ýoluň ugrunda şeýle hem geologlaryň we ýol gurluşykçylarynyň işini şöhlelendirýän sahnalary görmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli ýoluň Aşgabat — Tejen böleginiň bir ýerinde aýak çekip, “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy Sergeý Tkaçenko bilen söhbetdeş boldy.

Döwlet Baştutanymyzy şu günki şanly waka bilen gutlap, S.Tkaçenko Russiýanyň iri korporasiýasynyň “KamAZ” kysymly awtoulagyň täze nusgasyny — refrižeratory çykarandygyny habar berdi. Işewür milli Liderimize täze nusgadaky awtoulagy sowgat berdi hem-de täze ýolda bu ulagy synap görmek haýyşy bilen ýüzlendi.

“KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine hem-de bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli ilerledilmegine umyt bildirip, milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz indi köp ýyllaryň dowamynda awtomobil sürmek bilen meşgullanýandygyny, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň dürli täze kysymly ulaglaryny synap görýändigini nygtap, täze awtoulaga münüp, ýokary tizlikli ýol boýunça hereketini dowam etdirdi.

Milli Liderimiz birnäçe kilometr ýoly geçip, “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy S.Tkaçenko bilen awtomobiliň täze kysymy baradaky pikirini paýlaşdy.

Döwlet Baştutanymyz dürli awtoulag tehnikasy bilen öňden bäri tanyşdygyny hem-de ýokary tizlikli awtoulaglarda ýaryşlara gatnaşyp, ýük we ýeňil awtoulaglaryň dürli görnüşlerine erk edendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze kysymly awtoulagyň aýratynlyklary barada aýdyp, Ýewropa standartlaryna laýyk gelýän dolandyryşyň iň täze ulgamynyň doly awtomatlaşdyrylandygyna ünsi çekdi. Bu bolsa ýokary derejede howpsuzlygy, ygtybarlylygy hem-de tygşytlylygy üpjün edýär.

“Awtoulagy dolandyrmak mende ýakymly täsir galdyrdy, ol örän oňaýly. Göwrüminiň uludygyna garamazdan, hereket edende örän ýeňil hem-de awtoulagy dolandyrmagyň tygşytlylyk, howpsuzlyk we ekologik babatda ähli kadalaryna laýyk gelýär” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz awtomobiliň bezegine ünsi çekdi. Daşyndan awtoulag örän gyzykly görünýär, daş-töwerekdäkileriň ünsüni çekýär, käbir adamlary bolsa haýran galdyrýar. Awtoulagyň salonynyň içi hem owadan. Abzallaryň paneli amatly, onda dolandyrmak babatda örän oňaýly multimedia paneli ornaşdyrylypdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz awtoulagyň tehniki häsiýetlerine, onuň ýoldaky hereketine, hususan-da, ýeňillik bilen bat almak ukybyna kanagatlanma bildirdi. Milli Liderimiz tormoz ulgamy barada aýdyp, onuň öz wezipesiniň hötdesinden abraý bilen gelýändigini, kemçilikleriň ýüze çykarylmandygyny nygtady. Awtoulagyň dolandyrylyşy barada hem şolary aýtmak bolar: awtoulag aňsatlyk bilen dolandyrylýar, ýolda oňat hereket edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny awtoulagyň täze nusgasynyň çykarylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, awtomobiliň sowgat berlendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz ýurdumyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Russiýanyň iri awtomobil korporasiýasynyň — “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylaryny we işgärlerini döwrebap awtoulagyň çykarylmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň zerurlyklary üçin olaryň belli bir mukdaryny satyn almak mümkinçiliginiň üstünde işlemek meýliniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Russiýa Federasiýasy döwletimiziň strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Milli Liderimiz häzirki döwürde ikitaraplaýyn üstaşyr ulag akymlarynyň işjeň giňeldilýändigini aýdyp, bu ulgamda gatnaşyklaryň, şol sanda Ýewraziýa giňişligine çykmak arkaly döwrebap üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Sergeý Tkaçenkony awtoulagyň täze nusgasynyň çykarylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa işinde uly üstünlikleri arzuw etdi we ýeňil awtoulagda awtoban boýunça ýoluny dowam etdi.

...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 100-nji kilometrindäki hyzmat ediş desgalary we töleg terminaly gurnalan Artyk çatrygyna gelýär.

Döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar mähirli garşylaýarlar.

Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlanýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär. Soňra milli Liderimiz şol ýerde gurlan, “Kerwensaraý” diýlip atlandyrylan iki gatly söwda merkezine barýar. Bu ýerde sürüjiler we ýolagçylar üçin ähli şertler döredilipdir. Toplumyň düzüminde harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket, çagalar üçin niýetlenen dürli attraksionly oýun meýdançalary bar. Garbanyşhanada tagamlaryň hem-de içgileriň köp görnüşleri hödürlenilýär. Uly bolmadyk myhmanhana uzak aralyga gatnaýan sürüjileriň hyzmatynda. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde döredilen amatlyklar bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Söwda merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýokary tizlikli ýolda ulanmak üçin niýetlenen täze awtoulag serişdeleriniň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Milli Liderimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Aşgabada ugraýar.

Şeýlelikde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň üstünlikli ulanylmaga berilmegi Türkmenistanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag düzüminiň çalt kemala gelýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu awtomobil ýoly ýurdumyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Şol taslamanyň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda täze ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar. Ol sebitiň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini höweslendirmek bilen, harytlaryň uzak aralyklara çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berer.

Bu ýol ýurdumyzyň logistika ulgamyny, işewürligi hem-de türkmen döwletiniň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.

Bu teklipleriň derwaýyslygy hem-de zerurlygy äşgärdir, çünki ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyn geljek üçin öňde goýan esasy wezipeleriniň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak we Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlarynda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmek bilen baglanyşykly wezipeler bar. Bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna çykmak arkaly günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna goşulmak mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar.

Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi, Türkmenistana bolsa gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş we yklymara ähmiýetli üstaşyr ulag merkezi hökmünde garamak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly hem bu multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolar.