Ï Metbugat Kanunçylygynyň döwrebaplaşdyrylmagy – Türkmenistanda geçirilen halkara seminaryň esasy temasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Metbugat Kanunçylygynyň döwrebaplaşdyrylmagy – Türkmenistanda geçirilen halkara seminaryň esasy temasy

view-icon 7821
Metbugat Kanunçylygynyň döwrebaplaşdyrylmagy – Türkmenistanda geçirilen halkara seminaryň esasy temasy

Sanly tehnologiýalar döwründe žurnalistleriň orny we wezipeleri – Türkmenistanda geçirilen halkara seminaryň esasy mowzugy.

2021-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Aşgabatda sanly tehnologiýalar döwründe maglumatlaryň ýaýramagyny kadalaşdyrmagyň kanuny jähetleri boýunça halkara onlaýn seminar geçirildi.

«AA»-nyň habarçysyna bu seminaryň guramaçysy bolup çykyş eden ÝHHG-niň Merkezinde aýdyşlaryna görä, iki gün dowam eden çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Adalat ministrliginiň, Ýokary Kazyýetiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri, şeýle hem KHS-iň žurnalistleri gatnaşdylar.

Germaniýadan we Gruziýadan gelen hünärmenler degişli halkara standartlary, ÝHHG-niň borçnamalaryny we ÝHHG-a agza beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini görkezdiler, şeýle hem internet araçylarynyň Kanuny etmeli işlerini, jogapkärçiklerini, emeli akylyň (EA) we algoritmleriň internetde pikiriňi beýan etmek azatlygyna edýän täsiri barada pikir alyşdylar.

«Metbugat azatlygy we maglumata erkin elýeterlilik sanly tehnologiýalar döwründe aýratyn ähmiýete eýe bolýarlar. Okgunly ösýän häzirki zaman tehnologiýalary KHS-niň demokratiýany, parahatlygy we durnuklylygy goramakda ornuny ýokarlandyrmaga kömek edýär» diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Wilýam Lif aýtdy.

Ol, şeýle hem, «Internetiň berýän obýektiw mümkinçiliklerini» nygtap we «Döwlet häkimiýeti edaralaryny degişli kanunlary, syýasy kararlary we tejribeleri kabul etmek, şeýle hem garaşsyz kazyýet gözegçiligini we olaryň ýerine ýetirilişine netijeli jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmek arkaly pikiriňi beýan etmek we maglumat azatlygy ýaly esasy adam hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmäge çagyran» 14-nji Merkezi Aziýa metbugat konferensiýasynyň Jarnamasyna salgylandy.

Seminarda internet mazmunyny kadalaşdyrmak, şol sanda galp habarlara garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Seminara gatnaşýanlar sanly tehnologiýa eýýamynda žurnalistleriň roly we wezipeleri barada pikir alyşdylar we metbugat sowatlylygynyň möhüm ornuny bellediler.

Taýýarlan: Janmämmet Gulamow