mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Merkezi Aziýanyň geljegi ugrunda

view-icon 1990

Aşgabatda geçirlen ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer taýdan baglanşykly sebitdäki halklaryň abadan durmuşy ugrundaky tutan umumy maksadyna ýene bir goşant boldy.

Ozaldan gelýän söwda-ykdysady ulgamda, özara söwdanyň möçberini giňeltmäge gönükdirilen çäreleriň nobatdaky tapgyryny kabul etmek barada ylalaşyk gazanyldy. Gazagsytanly hyzmatdaşlar her ýyl sebitara forumlary geçirmegi, Gazagystanyň Mangistau oblastynda we Türkmenistanyň Balkan welaýatynda ýük awtomobil terminally ýörite serhetýaka söwdasyny guramagy teklip etdiler.

Ýangyç-energetika we ulag-logistika ulgamlarynda köpýyllyk türkmen-gazak hyzmatdaşlygy täze teklipler bilen baýlaşdyryldy. Halkara bazarlaryna iri energiýa serişdelerini iberijiler hökmünde taraplaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistan türkmen tebigy gazyny ibermegiň tehniki, guramaçylyk we beýleki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny doly derejede ulanmak, Hazaryň Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy deňiz portlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň giň mümkinçiliginden peýdalanmak, awtoýol kommunikasiýalaryny ösdürmek, şol sanda Gazagystana täze awtoýoly işe girizmek üçin Garabogaz kölüniň üstünden köpri gurmak ulag-logistika ulagmynda esasy wezipeler hökmünde bellenildi.

Dostlukly iki döwletleriň Baştutanlary şeýle hem obaseangat toplumynyň, azyk we ýeňil senagat kärhanalarynyň önümçilik kooperasiýasynyň, beýleki ugurlarda bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşiklerinde medeni-ynsanperwer ulgamda, ylym we tehnika, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn edaralara 2022-nji ýylda özara esasda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet hem-de kino günlerini guramak tabşyryldy.

Iki döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygynda gol çekilen Bilelikdäki beýannamada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna täze itergi beren Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň ähmiýetini nygtap, Taraplar ýokary we beýleki derejelerde işjeň hem-de oňyn gatnaşyklary geljekde-de ösdürmäge isleg bildirdiler.

Ogulgözel Rejebowa