Ï COP-26 barada näme bilmeli?
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

COP-26 barada näme bilmeli?

view-icon 4921
COP-26 barada näme bilmeli?

Glazgoda BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň tarapdarlarynyň 26-njy sessiýasy geçýär.

Oňa gatnaşýanlar, şol sanda, dünýä ýolbaşçylary, döwlet we hususy pudaklarynyň, şeýle hem raýatlyk jemgyýetiniň wekilleri birnäçe günüň dowamynda Pariž ylalaşygynyň we BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň maksatlaryna ýetmek boýunça işleri çaltlaşdyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistanyň wekiliýeti bu maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar.

1. COP26-dan biz nämä garaşmaly?

Milli ýolbaşçylar taşlandylary azaltmak, maliýeleşdirmegi çugdamlamak we uýgunlaşmagy hem çydamlylygy ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmelidirler. Şeýle hem ýurtlara 2030-njy ýyla çenli taşlandylary azaltmak, asyryň ortalaryna çenli sap nola ýetirmek boýunça ägirt uly maksatlary kesgitlemek teklip edilýär.

Bu maksatlara ýetmek üçin, ösen ýurtlar 2020-nji ýyla çenli ösýän ýurtlar üçin howany maliýeleşdirmäge ýylda azyndan 100 milliard dollar toplamak baradaky wadalaryny ýerine ýetirmeli bolarlar. Döwlet we hususy maliýe guramalary-da bütindünýä nol ulgamyny üpjün etmek üçin, zerur serişdeleri bermeli bolarlar.

Taraplar Pariž şertnamasynyň şu asyrda howanyň bütin dünýäde ýylamagyny 2°C-den pes derejede saklamagy maksat edinýän birnäçe maddasyny ara alyp maslahatlaşarlar, şol bir wagtyň özünde bu derejäni 1,5°C-den pes saklamak üçin-de tagalla ediler.

2. ÝUNEP howa boýunça gepleşikler tamamlanandan soň, näme gazanmagy umyt edýär?

ÝUNEP, COP-26 syýasatyň üç esasy ugry: zelelleri azaltma, uýgunlaşma we maliýeleşdirme boýunça bütindünýä çäreleriň işjeňleşdirilmegine alyp barar diýip, umyt edýär. Bu, her bir ýurduň milli taşlandylary azaltmak we milli derejedäki kesgitlenen goşantlar diýlip bilinýän howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin edýän tagallalarynyň artmagyna alyp barýan ygtybarly syýasy ygrarlylygy aňladýar.

3. Metan näme üçin möhüm?

Ýakynda ÝUNEP-iň 2021-nji ýyl taşlandylary barada çap edilen “The Heat Is On” atly hasabatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşde gysga möhletli çäreler üçin metanyň möhüm ähmiýetiniň bardygy aýdylýar. Onuň global ýylylyk mümkinçiligi kömürturşy gazynyň 20 ýyldakysy bilen deňeşdirilende, 80 esse köpdür. Ýöne ol atmosferada bary-ýogy 12 ýyl galýar, bu bolsa kömürturşy gazynyňkydan has azdyr. Bu, metan taşlandylarynyň azaldylmagynyň global ýylylygyň peselmegine has çalt täsir edip biljekdigini we gymmatly wagt utup boljakdygyny aňladýar.

2030-njy ýyla çenli metan taşlandylaryny 30% azaltmak üçin, Global Metan wadasyna 60-dan gowrak ýurduň goşulandygyny bellemek gerek.

4. Eýýäm giçmi? Indi näme edip bolar?

Häzir gaty giç däl. Emma ÝUNEP-iň ýerine ýetiriji direktory Inger Anderseniň belleýşi ýaly, bu indi geljegiň meselesi däl, häzirki döwrüň meselesi.

Geljekki sekiz ýyl global maýlamagy 1,5°C-e çenli çäklendirmek mümkinçiligine eýe bolmak üçin aýgytlaýjy ýyllar bolarlar. Ýyladyşhana gazlaryny iki esse azaltmaly. Iş ýüzünde, bu täze kesgitlenen milli derejedäki goşantlardan başga-da, CO2-niň 28 gigaton möçberinde azaldylmagyny aňladýar. Taşlandylaryň ýylda CO2-niň 13 gigaton möçberinde azaldylmagy temperaturanyň 2°C-e çenli ýokarlanmagyny çäklendirmek üçin zerurdyr.

5. Howanyň 2.7°C-den köp maýlamagy planetamyz üçin nämäni aňladar?

Temperaturanyň 2,7°C-e çenli ýokarlanmagy diňe bir adamzat üçin däl, eýsem planetanyň beýleki jandarlary üçinem betbagtçylyk bolardy. Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara bilermenler toparynyň (HHBT) maglumatlaryna görä, temperaturanyň 2°C ýokarlanmagy azyga, howpsuzlyga we adam saglygyna çynlakaý täsir eder.

Oba hojalyk ekinleriniň we ösümlikleriň tozanlanmagy üçin wajyp bolan mör-möjekleriň 1,5°C derejesinde ýaşaýan ýerleriniň ýarysyny ýitirmegi ähtimal, temperaturanyň ýokarlanmagy bilen, guraklygyň, tupanlaryň we aşa howa hadysalarynyň ýygylygy hem täsirililigi-de ýokarlanar.

COVID-19 howa taşlanýan zatlary azaltmaga kömek etdimikä?

Hawa, COVID-19 pandemiýasy 2020-nji ýylda CO2 taşlandylarynyň dünýä boýunça 5,4% azalmagyna getirdi, ýöne bu, wagtlaýyn azalmakdy. Çaklamalara görä, 2021-nji ýylda derejeler 2019-njy ýyldaky iň ýokary derejeden birneme pes bolar, munuň netijesinde howadaky CO2 möçberi soňky iki million ýylda iň ýokary derejä ýeter.

Taýýarlan: Aýjahan Ataballyýewa