COP26 Bütindünýä howa sammitiniň ikinji gününde oňa gatnaşýanlar - ýurtlaryň ýolbaşçylary we iri korporasiýalar tokaýlary gorap saklamaga we dikeltmäge borçlandylar.
Sişenbe güni Glazgodaky COP26-nyň umumy zaly ýaşyl yşyk bilen yşyklandyrylyp, tebigatdaky sesler: guşlaryň jürküldileri, ýapraklaryň ygşyldysy bilen doldy. BMG-niň täzelikler gullugynyň Glazgodaky ýörite habarçysynyň sözlerine görä, bu ýagdaýda foruma gatnaşyjylar rahat we erkin görünýärdiler –olar arassa howadan dem alýan ýalydylar.
Beýik Britaniýanyň premer-ministri Boris Jonson münbere çykyp, dünýädäki tokaýlaryň 85%-i paýyna düşýän 110 ýurduň COP-26 Jarnamasyna gol çekendigini, 2030-njy ýyla çenli tokaýlaryň çapylmagynyň togtadyljakdygyny we soň olary dikeltmäge başlanjakdygyny dabara bilen yglan etdi.
Jarnamada hususan näme diýilýär?
Jarnama gol çeken döwlet we hökümet baştutanlary tokaýlary we beýleki ýerüsti ekosistemalary goramak boýunça umumy tagallalary güýçlendirjekdikleri, şeýle hem olary dikeltmegi çaltlaşdyrjakdyklary barada söz berýärler. Bu tekstde tebigy gorlaryň oýlanyşyksyz ulanylmagyndan we tokaýlaryň çüpremeginden ilkinji nobatda zyýan çekýän ýerli halklaryň hukuklaryny hem mümkinçiliklerini artdyrmak zerurlygy barada-da aýdylýar.
Resminamanyň foruma gatnaşyjylaryň maliýe borçnamalaryny öz içine almagy-da az ähmiýetli däldir. Soňky on ýylda ýerleri weýrançylykly ulanmak usullary, olary goramak we dikeltmek ugrunda, oba hojalygyny durnukly alyp barma usullaryna geçmekden 40 esse köp pul sarp edildi. Şeýle hem, umumy maýasy 8,7 trillion dollar bolan 30-dan gowrak maliýe guramasy tarapyndan gol çekilen bu wada häzirki ýagdaýy üýtgetmek üçin niýetlenendir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky abraýly türkmen wekiliýetiniň şu ýyl Birleşen Patyşalygynda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçýän BMG-niň howa sammitine gatnaşýandygyny bellemelidiris.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP26) gatnaşyjylaryň 26-njy maslahaty dünýäniň geljegi, ýylaýyş depginini peseltmek üçin, bilelikdäki we milli hereketler barada geçirilýän gepleşikler döwletleriӊ ýolbaşçylaryny we köp ýurtlardan görnükli döwlet işgärlerini bir ýere jemleýär.
Bilşiňiz ýaly, soňky onýyllyklaryň dowamynda howanyň üýtgemegi we onuň daşky gurşaw, ykdysadyýet we jemgyýet üçin netijeleri häzirki döwrüň iň wajyp bütindünýä meseleleriniň birine öwrüldi.
Ýurdumyzyň abraýly wekiliýetiniň bütindünýä foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň garalýan meselä aňrybaş jogapkärçilikli çemeleşýändigine, adamzat üçin iň çynlakaý meselä garşy göreşmek üçin umumy, ylalaşykly çäreleri görmegiň möhümligine we derwaýyslygyna düşünýändigine şaýatlyk edýär.
Daşky gurşawy goramak Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn abadan durmuş üçin şert döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan meselesidir.
Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ýokary derejeli dürli forumlarda türkmen ýolbaşçysynyň öňe sürýän we halkara jemgyýetçiliginden giň goldaw tapýan konstruktiw başlangyçlar möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýerde gürrüň, hususan, Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly sebitleýin tehnologiýalar merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, Aral deňziniň howzy üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp düzmek we Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry diýip bellemek, Hazar deňziniň ekologik abadanlygyny gorap saklamak we ş.m. teklipler barada gidýär.
Biziň ýurdumyz daşky gurşaw babatynda iň möhüm halkara hukuk namalaryna öwrülen atmosferadaky şitilhana gazlarynyň möçberini durnuklaşdyrmaga we onuň planetanyň howasyna antropogen täsirini azaltmaga gönükdirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny, Kioto teswirnamasyny we Pariž şertnamasyny tassyklamak bilen, ähli borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär.
Mysal üçin, Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça giňişleýin döwlet syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek üçin esas boldy. Bu strategiýanyň ilkinji maksady Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine edýän täsirini iň ýokary derejede azaltjak we döwletiň ykdysady, azyk, suw we daşky gurşaw howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga goşant goşjak durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr.
Şitilhana gazlarynyň taşlandylarynyň çäklendirilmegine serişde tygşytlaýjy, innowasiýa gönükdirilen “ýaşyl” milli ykdysadyýeti döretmek işinde, hapalaýjy taşlandylara gözegçilik etmek we göz astynda saklamagyň täsirli ulgamy üçin, senagat pudagynda işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalary gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle hem, döwrüň talaplaryna we umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.
Howanyň täsirini azaltmak maksady bilen, ýurdumyzda möhüm daşky gurşaw taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, köpçülikleýin abadanlaşdyryş işleri amala aşyrylýar, her ýylda millionlarça agaç nahallary oturdylýar, olar şitilhana gazlaryny esasy sorujylarydyr.
Häzirki wagtda siwilizasiýanyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri hemmeleriň üns merkezinde, şonuň üçin Türkmenistanyň başlangyçlary we bu ugurda alyp barýan giňişleýin işleri bütin dünýäde barha köp goldaw tapýar.
Taýýarlan: Janmämmet Gulamow