Ï Futbol boýunça (U-23) Aziýanyň ýaşlar Kubogy-2022 gatnaşjak toparlar belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça (U-23) Aziýanyň ýaşlar Kubogy-2022 gatnaşjak toparlar belli boldy

view-icon 5855
Futbol boýunça (U-23) Aziýanyň ýaşlar Kubogy-2022  gatnaşjak toparlar belli boldy

Wýetnamyň, Saud Arabystanynyň we Täjigistanyň toparlary (23 ýaşa çenli) Aziýanyň ýaşlar Kubogy-2022-niň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga gazandylar. Ozal habar berlişi ýaly, oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji gezek gatanşýar. Bu «D» we «I» toparlardaky jemleýji oýunlaryň netijeleri boýunça belli boldy. Şonda Wýetnam Mýanmany 1:0, Saud Arabystany bolsa Bangladeşi 3:0 hasabynda ýeňdi.

Şondan soň Aziýanyň ýaşlar Kubogy-2022-niň soňky ýaryşyna gatnaşýan 16 toparyň hemmesi belli boldy. Bular 11 saýlama toparyň ýeňijileri: Katar, Eýran, Yrak, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Iordaniýa, Awstraliýa, häzirki çempion Koreýa Respublikasy, Wýetnam, Malaýziýa, Ýaponiýa we toparlarda ikinji ýerleri eýelänleriň arasyndan iň gowy dört topar: Taýlandyň, Saud Arabystanyň , Türkmenistanyň we Täjigistanyň topralarydyr.

Täjigistanyň toparynyň Bahreýniň milli ýygyndysyny diňe sary kartoçkalar boýunça ýeňip, finalçylaryň hataryna iň soňundan girendigi bellärliklidir.

2022-nji ýylyň 1 – 19-njy iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek jemleýji ýaryşda Özbegistanyň futbolçylary ýer eýeleri hökmünde saýlanmadan geçen toparlara goşular.

Saýlaw tapgyry bolan jemleýji tapgyryň netijelerine görä, iň oňat üç topar 2024-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Aziýa wekilçilik etmek hukugyny alar.

«AA»-nyň habarçysy