Ï Hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklary türkmen halkynyň milliliginde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklary türkmen halkynyň milliliginde

view-icon 11596
Hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklary türkmen halkynyň milliliginde

Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklary şekillendiriş sungatynda» atly sergi-bäsleşigiň jemi jemlendi, oňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary gatnaşdylar. Hoşmeýilli goňşuçylyk türkmeniň ganynda bar. Ýöne ýerden «Uzakdaky dogandan ýakyndaky goňşy ýagşy» diýilmeýär. Hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklary ýurduň daşary syýasatynyňam esasy ugry boldy. Ýaş nakgaşlar bu barada sungat dili bilen gürrüň berýärler.


Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 6-njy ýyl talyby Agajan Rejebow žiwopis ugrundan baýraga eýe boldy. Ol paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde ak aty şekillendiripdir.

Halyçylyk ugrundan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby Leýli Karowa hem «Türkmen halkynyň buýsanjy» eserinde ak aty şekillendiripdir. Ol işinde 3D tilsimini ulanypdyr we atyň boýnuna şaý-sep dakypdyr. Haly önümleriniň bezegine şaý-sepleri goşmak – Leýliniň döredijiliginiň tapawutly tarapydyr.

- Mugallymym Mergen Berdiýew reňk, sapaklaryň ýa-da matalaryň reňk öwüşginlerini saýlamakda esasy maslahatçym – diýip, Leýli gürrüň berýär – Men diňe bir haly dokaman, eýsem mata akril reňklerde surat, köplenç ýüpek matada gülýakalary we beýleki bezeg şaýlaryny hem çekýärin. Şol matadan tikilen köýnege nagyşam, gülýaka-da gerek däl.


Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Mahym Atakowa hem eksperimentatorlaryň biri, ol grafika ugrundan 1-nji orny eýeledi. Mahym Türkmen döwlet çeperçilik orta hünär mekdebiniň žiwopis bölümini tamamlap, Çeperçilik akademiýasynyň grafika bölümine okuwa giripdir. Ol sergä hödürlän işinde sirk arenasynda çykyş edýän jigitleri üýtgeşik rakursdan – orkestr balkonyndan, özem reňkli beýan edipdir.

- Men işimde kömür, reňkli galamlary, ýag, pastel ulanýaryn. Grafiki işlerim gahrymanlaryň häsiýetini has çuň bermäge ýardam edýärmikä diýýärin. Aýratynam päkize we aladasyzja çagalaryň suratyny çekmegi halaýaryn – diýip Mahym gürrüň berýär.


Sergidäki suratlarda çagalara köp üns berlipir. Olaryň birinde ak öňlükli gyzjagaz öý işlerini edip otyr. Häzirki döwürdigini penjireden görünýän belent jaý görkezýär. Onuň ýantorbasynda kitapdyr depdere derek kompýuter bar. Ýöne globus welin, hamala, wagtyň Zeminimizden rüstem däldigni görkezýän ýaly, öňküligine galypdyr.

Sergide eziz Diýaryň gözelligini görkezýän gobelenler, gözelligi bilen özüne bendi edýän şaý-sepler kän. Sergide 1, 2, 3-nji orunlara - jemi 35 adam mynasyp boldy, zehinleriniň ykrar edilenine olaryň begenjiniň çägi ýokdy.

Tamara Glazunowa
Surata düşüren: Alekseý Gimalitdinow