Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.
Awstriýanyň wekiliýetiniň düzümine dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň wekilleri girdi. Şeýlelikde, şu gün geçirilen duşuşyklara gatnaşyjylaryň hatarynda hyzmatdaşlyk boýunça radioýaýlym enjamlaryny öndüriji “Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH” kompaniýasynyň, ýangyna garşy enjamlary we ýörite awtomobilleri getirýän “Rosenbauer International AG” kompaniýasynyň, ulag düzümleriniň gurluşygy boýunça “Waagner Biro Bridge System” kompaniýasynyň, lukmançylyk edaralary üçin önümleri getirýän “VAMED” kompaniýasynyň, “Europe Consult GmbH” konsalting-maslahat beriş kompaniýasynyň, saglygy goraýyş ulgamy üçin tehnologik çözgütleri taýýarlaýan “AME International”, elektroenergiýanyň durnukly önümçiligi üçin täzeçil çözgütleri öňe sürýän “Geppert GmbH” kompaniýasynyň, şeýle hem “Osterreichische Kontrollbank AG” kompaniýasynyň we iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goldaw berýän Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň wekilleri bar.
Ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet, Medeniýet, Energetika ministrlikleriniň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Daşary ykdysady iş bankynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de başga-da birnäçe pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri awstriýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini, täzeçil enjamlaryň, şol sanda radioýaýlym, lukmançylyk, sport enjamlarynyň getirilmegini guraýan bilelikdäki kärhanalary döretmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bu gezekki sapary däp bolan döwletara gatnaşyklary berkitmegiň hem-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Şeýle-de bu sapar Garaşsyz türkmen döwletiniň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen doly möçberli gatnaşyklaryny has-da giňeltmeginde ähmiýetlidir.
Soňky ýyllarda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler işjeňleşdirildi. Bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli meseleleri we halkara derejedäki wezipeler boýunça pikir alyşmaga, olar boýunça umumy çemeleşmeleri we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, gaýtadan işleýän pudagy berkitmek, ýokary tehnologiýaly senagat önümçilikleriniň gurluşyklary boýunça iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak syýasaty bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňden ösdürmäge oňyn şertleri döredýär.
Soňky ýyllarda türkmen-awstriýa işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirýän degişli şertnama-hukuk binýady pugtalandyryldy. Awstriýanyň işewür düzümleriniň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda gurluşyk, syýahatçylyk, söwda, marketing we ulag hyzmatlary, dürli pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary getirmek taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi babatda oňyn tejribe toplandygyny bellemek gerek. Şunda wekiliýetleri alyşmak, iş saparlaryny, işewürlik maslahatlaryny we pudaklaýyn sergileri geçirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hyzmatdaşlygyň türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýändigini biragyzdan nygtadylar.