DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministri Mihael Linhart bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
R.Meredow özüniň giriş sözünde, Türkmenistanyň Awstriýa bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn hem-de köpugurly özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna seredip geçdiler, şeýle-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy aýratyn bellenildi.
Bu ugurda Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugry boýunça önjeýli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardyklary tassyklanyldy. Iki ýurduň döwlet hem-de hususy düzümleriniň işjeň gatnaşmagynda energetika, ulag, söwda, ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky özara hereketleriň has-da ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.
2022-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisiniň geçirilmegi hem teklip edildi.
Howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi babatynda sebitleýin gatnaşyklaryň derwaýyslygyna üns çekmek bilen, ministrler owgan meselesiniň parahatçylykly hem-de ynsanperwerlik ugry boýunça kadalaşdyrylmagynda halkara bileleşiginiň tagallalarynyň mundan beýläk-de ýygjam utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny aýratyn belläp geçdiler.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan tanyşdyryş çäresi geçirildi. Oňa iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Awstriýanyň işewürlik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça R.Meredow hem-de M.Linhart Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekdiler.