Ï Aşyr Kulyýew – ilkinji hünärmen türkmen kompozitory
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşyr Kulyýew – ilkinji hünärmen türkmen kompozitory

view-icon 8397
Aşyr Kulyýew – ilkinji hünärmen türkmen kompozitory

Geçen asyryň ortasynda türkmen intelligensiýasynyň wekiller köpçüliginiň internatlar we uçilişşeler mekdebini geçenligi häzirki nesilleri geň galdyrýar. Taryhy gowy bilýänler bolsa, onda geň zat ýokdugyny aýdýarlar — ХХ asyryň uruş döwri ýaňy tamamlanypdy. Şäherlerdir obalaryň köçelerinde uruşdan soňky ýyllaryň ýetim çagalary sürlenşip gezer ýörerdiler.

Parahatçylygyň ilkinji ýyllary ýetginjekleriň köpüsini mümkingadar okuwa imrindirmek, olara hünär bermek üçin alada bary edilýärdi. IIkinji hünärmen türkmen kompozitory Aşyr Kulyýewiň ykbalam şolaryňkydan üýtgeşik däldi. Internatda okaýar, kitap dükanynynda satyjy bolup işleýär, Aşgabadyň çeperçilik tehikumynda okaýar. Ýöne hemişe saza mübtelady.

Ol heniz çaga döwri halk sazlaryna aşykdy. Özüniňem saz çalasy gelýärdi. Ýetginjek döwri dutarda we tarda saz çalmagy onda saz döretmäge höwes oýarýar. Şeýdibem onuň «Aýdym» we «Gündogar tansy» atly eserleri ilkinji gezek 1935-nji ýylda Aşgabatda bolan konsertde ýerine ýetirilýär.

Ol W.Muhadow, M.Kulyýewa, H.Allanurow ýaly şahsyýetler bilen Moskwa döwlet konserwatoriýasynda dünýä saz genileriniň döredjiligini öwrenýär, kär ussatlgyny kämilleşdirýär.

Saz ugrundan ajap bilim alan A. Kulyýew ilkinjileriň biri bolup, türkmen sazyna ýat nusgawy žanrlaryň köpüsini synap görýär. Ol «Dabaraly uwertýura» simfoniýasy, «Türkmenistan» suýitasy, «Magtymguly», «Güneşli diýar» saz poemalary, skripka we orkestr üçin konserti üçin ilkinji eserleri, özüniň ilkinji fortepiano üçin sonatasyny döredýär.

Onuň «Magtymguly» saz poemasynda liriki we epiki saz keşpleri arkaly belent ynsanperwerlik, adamkärçilige ynam, ýagşynyň, hakykatyň, bagtyň dabaralanmasy ýaly Pyragynyň şygryýetiniň pelsepe äheňleri açylyp görkezilýär.

Zehinli sazanda uruşdan soňky ýyllarda D. Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişşesinde sapak berýär, filarmoniýanyň saz gurallary orkestrinde dirižýor, sazly radiogepleşikleriň çeper ýolbaşçysy bolup işleýär.

Kompozitoryň halk döredijiliginiň saz eserlerini döretmäge ylham çeşmesi bolandygyny aýdýardy. Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýew, belli sazanda Mylly Täçmyradow we Türkmenistanyň at gazanan mugallymy Mariýa Geraskina onuň halypalarydy.

SSSR-iň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň, ençeme orden-medallaryň eýesi professor Aşyr Kulyýew Çary Nurymowa, Nury Halmämmedowa, Rejep Rejebowa we başga-da ençeme zehinli ýaşlara halypalyk edýär.

Ol milli sazlar esasynda solfejio boýunça «Saz teoriýasy», «Garmoniýa» we «Saz terminleriniň sözlügi» ýaly türkmen dilindäki okuw kitaplarynyňam awtorydyr.

«AA»-nyň habarçysy