Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda «Ahal» bäsdeşlerinden arany açýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda «Ahal» bäsdeşlerinden arany açýar

view-icon 4817
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda «Ahal» bäsdeşlerinden arany açýar

«Ahalyň» futbolçylary 4-nji tapgyrda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» – 4:0 hasabynda utup, birinjiligini berkitdi.

«Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşykdan öň «Ahal» 10 utuk bilen 1-nji, ondan 3 utugy az «Şagadam» 2-nji orny eýelýärdiler. Rahman Baýlyýewiň «Şagadam» topary «Ahaly» utan bolsa, onda onuň yzyndan ýetip biljekdi.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary her taýmda iki pökgi geçirip, aňsat ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň wise-çempionynyň hatarynda AFK-nyň Kubogy-2021-iň urgusynyň netijeliligi boýunça iň güýçli futbolçysy Elman Tagaýew 12 –nji we 82-nji minutlarda 11 metrlik jerime urgularyny dürs urup, möwsümde ikinji gezek bir oýunda iki pökgi geçirdi. Şeýle hem Didar Durdyýew (38-nji minutda) we Amir Gurbani (87-nji minutda) tapawutlandylar. «Ahalyň» kapitany E.Tagaýew garşydaşlarynyň derwezesine 6 pökgi geçirip, bombardirleriň arasynda öňde barýar.

Ilkinji ýeňlişe sezewar bolan «Şagadam» 1-nji orundaky topardan 6 utuk az toplap, üçünji orna düşdi.

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» «Köpetdagy» – 2:1 hasabynda utup, 1-nji orundaky topardan 4 utuk az tapawudy saklap galdy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyndan geçen ýylky çempionatyň iň güýçli bombardiri Altymyrat Annadurdyýew 20-nji we 36-njy (11 metrlik jerime urgusyndan) minutlarda tapawutlandy. Ýeňilen topardan Döwletmyrat Seýitmuhammedow (27-nji minutda) garşydaşlarynyň derwezesine jogap pökgüsini geçirdi.

2021-nji ýylyň çempionatynda «Nebitçi» bilen «Merw» ilkinji ýeňşini gazandylar.

«Nebitçi» Balkanabatda «Aşgabatdan» – 1:0 hasabynda üstün çykdy. 73-nji minutda meýdançanyň çep gyrasyndan Süleýman Derýaýewiň beren pökgüsini Guwanç Abylow kellesi bilen urup derwezä dürs gönükdirdi. Aman Goçumowyň şägirtleri hasaby artdyryp biljekdi. Ýöne Merdan Gurbanow 88-nji minutda bellenen 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup bilmedi. Derwezeban Muhammet Öwezow urgyny gaýtarmagy başardy. Ol şu ýylyň çempionatynda tora salynmadyk ikinji 11 metrlik jerime urgudyr.

Maryda «Energetik» bilen «Merwiň» duşuşygy meýdança eýeleri üçin agyr boldy. Oýundan öň myhmanlaryň tälimçisi çalşyryldy. Türkmenistanyň Kubogy -2021 ýaryşynyň çärýek final oýnunda «Şagadamdan»– 1:3 hasabynda utulansoň Magtymguly Begenjew topardan gitdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, 58 ýaşly Rahym Gurbanmämmedow «Merwiň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi.

Duşuşykda Perman Hallyýewiň (42-nji minutda) we Tirkiş Muhammetberdiýewiň (59-njy minutda) tagallasy bilen «Energetik» öňe çykdy. Ilki 70-nji minutda Amangeldi Saparow hasaby – 1:2 etdi. Soňra Döwletgeldi Mirsoltanow (90-njy minutda) we Döwletmyrat Döwletmyradow (90+6) tapawutlanyp, «Merwe» – 3:2 hasabynda ýeňiş getirdiler.

Toparlardan Serdar Annamämmedowyň («Energetik») we Döwletgeldi Mirsoltanowyň («Merw») meýdançadan çykarylandygyny bellemek gerek.

2021-nji ýylyň çempionatynyň indiki oýunlary 12-nji noýabrda geçiriler. Şol gün 5-nji tapgyryň çäklerinde «Şagadam» -- «Energetik», «Merw» –«Nebitçi», 1-nji tapgyrda goýberilen oýunda «Köpetdag»–«Aşgabat» toparlary duşuşarlar.

 «AA»-nyň habarçysy