mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň Kubogy -2021 ýaryşynyň ýarym final oýunlary «Altyn asyryň» we «Şagadamyň» meýdançalarynda geçiriler

view-icon 2622
Türkmenistanyň Kubogy -2021 ýaryşynyň ýarym final oýunlary «Altyn asyryň» we «Şagadamyň» meýdançalarynda geçiriler

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy -2021 ýaryşynyň ýarym final oýunlary «Altyn asyryň» we «Şagadamyň» meýdançalarynda geçiriler.

7-nji dekabrda geçiriljek ýarym final oýunlarda Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi «Altyn asyr» ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahaly», geçen ýylky milli birinjilikde bürünç medal eýelän «Şagadam» Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Kubogy-2020-niň final oýnunda çykyş eden «Köpetdagy» kabul ederler.

Ozalky ýaryşlardan tapawutlylykda ýeňijiler iki oýunda däl-de, bir oýunda kesgitlener.

Ozalky çärýek final oýunlaryň ählisinde myhmanlar üstünlik gazanypdy: «Nebitçi» -- « Ahal» – 5:6 (oýnuň esasy wagty– 2:2, 11 metrlik urgularda – 3:4), «Aşgabat»--«Ahal» – 1:2, «Merw» --«Şagadam»--1:3, «Energetik« -- «Köpetdag»– 4:5(oýnuň esasy wagty– 1:1, 11 metrlik urgularda – 3:4).

Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi 22-nji dekabrda belli bolar.

Geçen ýyl Aşgabadyň «Altyn asyry» aýgytlaýjy oýunda «Köpetdagy»– 4:1 hasabynda (oýnuň esasy wagty– 1:1, 11 metrlik urgularda – 3:0) utupdy.

 «AA»-nyň habarçysy