Ï Daňatar Owezowyň doglan gününiň 110 ýyllygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daňatar Owezowyň doglan gününiň 110 ýyllygy

view-icon 5168
Daňatar Owezowyň doglan gününiň 110 ýyllygy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Daňatar Owezowa bagyşlanan agşam boldy. Onuň hormatly myhmanlarynyň arasynda ilkinji türkmen kompozitorynyň gyzlary Aýlar we Aýna Owezowalar, agtygy Ylýas Muhamow, 1960-njy ýyllarda Daňatar Owezowyň kömekçisi bolan Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýberdi Bäşimow bardy. Saz ussady bilen ýakyn gatnaşykda bolan Hudaýberdi Bäşimow kompozitoryň käbir eserini döredişi, onuň üýtgeşik adamkärçiligi we hoşamaýlygy barada gürrüň berdi.

Agşamda Daňatar Owezowyň ömri we döredijiligi barada telefilmden bölekler görkezildi. Olarda 4 operanyň awtory maşgalasynyň, wokalçylaryň arasynda, iş başynda... görkezilýär.

Daňatar Owezowa bagyşlanan konsert tutuşlygyna awtorlyk eserlerden düzülipdir. Konserti alyp baran Gülbahar Ýagşyýewa ilki bilen sahna TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň horuny çagyrdy. Dirižýor Maýa Amangeldiýewanyň ýolbaşçylygyndaky topar Magtymgulynyň goşgusyna «Baglar heý» we Garaja Burunowyň goşgusyna «Baharyň 40 güli» atly aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirdi. Soňra «Şasenem-Garyp» operasyndan üflenip çalynýan saz gurallary orkestri üçin täzeden işlenen «Garybyň aýdymy» ýaňlandy. Akkordeonçylar ansambly belli «Kolhoz güli» aýdymyny ýerine ýetirdi.

Konsertde esasan Daňatar Owezowyň Adrian Şapoşnikow bilen bilelikde döreden «Şasenem-Garyp» operasyndan we Ýuliý Meýtus bilen bilelikde döreden «Leýli-Mejnun» operasyndan ariýalar ýaňlandy. Olary konserwatoriýanyň mugallymlary Läle Arazdurdyýewa, Bibijemal Amanowa, Begenç Moşiýew, Ogulgerek Pirnaýewa, Röwşen Baýramow we beýlekiler labyzly ýerine ýetirdiler.

Täsirli sazlardyr konserwatoriýanyň mugallymlarynyň ussatlygy diňleýjileri jadyly saz ummanyna atardy.

 Tamara Glazunowa