Ï Gözel Zubeýdanyň hatyrasyna gurlan aramgäh
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gözel Zubeýdanyň hatyrasyna gurlan aramgäh

view-icon 4410
Gözel Zubeýdanyň hatyrasyna gurlan aramgäh

Alamberdaryň aramgähiniň iki kilometr golaýynda, Astanababanyň beýle çetinde binagärlik toplumy bar. Bu ýere hemişe adamlar zyýarata gelýärler.

Bu keramatly ýeriň döreýşi barada dürli rowaýat aýdylýar. Olardan halk içinde has meşhur rowaýatda orta asyr Horasanynyň –Çarwelaýatyň hökümdary Hezret Nur oglunyň (başga birinde – Ubeýdanyň) Zubeýda atly gyzy bolupdyr. Ony Kerki dikmesine durmuşa çykarýarlar, ýöne ol toýdan kän wagt geçmänkä aradan çykýar. Onuň hasrata batan kakasy Merwden we Samarkantdan iň güýçli ussalary getirip, gyzyň guburynyň üstünde aramgäh gurdurmakçy bolýar. Emma iş gutarylan dessine, ol ýykylypdyr. Bu ýagdaý üç gezek gaýtalanýar. Ubeýdanyň lapy keç bolýar. Bir gezek onuň düýşüne giren Astana baba onuň üçin toýundyr suwy Mekgeden getirmeli diýýär. Hökümdar musulman ymmaty üçin keramatly ýere kerwen ugradýar. Mekgeden getirilen toýun kerpiç guýlan toýun bilen garylýar, suwuny bolsa gurluşykçylaryň suw alýan guýysyna guýýarlar. Aramgähiň gurluşygy tamamlanýar,Ubeýdany hem gyzynyň ýanynda jaýlaýarlar. Ýadygärligiň keramatlylygynyň sebäbi – onda Mekgeden getirilen toýun ulanylmagydyr.

Astanababa binagärlik toplumy dürli döwürlerde bir-birine sepleşdirilip gurlan birnäçe binalardan ybarat. Bu ýerde XI-XII asyrlar binagärliginiň iň gowy eserleriniň biri bolan namaz otagy Gaznalylar döwründe gurlupdyr.

Namaz otagdan soňky binadaky iki gubur Zubeýda bilen Ubeýdanyňky, başga bir rowaýata görä, doganlar Zeý-Aly bilen Zuweýd-Alynyňky hasaplanylýar. Onuň gapdalynda sepleşdirilip gurlan jaýda ady ýokarda agzalan doganlaryň aýallary jaýlanypdyr, şonuň üçinem oňa Gyzlarbibi aramgähi diýilýär. Ol topluma XIX asyrda goşulan soňky binadyr.

2010-njy ýylda Kerki döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ussalary Astana babada dikeldiş işlerini geçirdiler.

 Roman Teplýakow