Ï Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet ýeňşi hakyndaky hasabatlary kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet ýeňşi hakyndaky hasabatlary kabul etdi

view-icon 5522
Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet ýeňşi hakyndaky hasabatlary kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen ýylynda pagtaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň bilelikdäki tagallasy esasynda “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy. Şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren daýhanlar ýetişdirilen hasylyň hemmesini ýygnap almak maksady bilen, netijeli zähmet çekýärler.

Obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdary artdyrylýar, hojalygy dolandyrmagyň häzirki zaman usullary arkaly pagtaçylyk ösdürilýär. Pudaga öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, täzeçil tehnologiýalar, oba hojalyk önümini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmegiň döwrebap usullary ornaşdyrylýar.

Ýerleriň ulanylyş medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, gowaça ekilýän meýdanlary özleşdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan, her welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak arkaly öňdebaryjy usullar peýdalanylýar. Ekerançylyk ýerlerini suwaryş ýagdaýy gowulandyrylýar. Şunuň bilen birlikde, tohumçylyk işi ösdürilýär. Pagtanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly we süýüminiň hili gowulandyrylan görnüşlerini etraplaşdyrmak işi alnyp barylýar.

Pagta arassalaýan kärhanalarda tohumlyk serişdeleriň ýokary hilli görnüşiniň taýýarlanylmagyna möhüm üns berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň eksportynyň esasy ugry, dokma senagatynyň möhüm çig maly bolan “ak altynyň” önümçilik mukdarynyň artdyrylmagyny üpjün edýär. Bu gün Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleri dünýäniň talapkär bazarlarynyň geçginli harytlaryna öwrüldi.

Pagta süýümi lukmançylyk pamygyny, arassaçylyk, dürli sargy we beýleki serişdeleri öndürýän kärhanalaryň, lukmançylyk senagatynyň esasy çig maly bolup durýar. Şeýle hem pagta senagat taýdan gaýtadan işlemek we birnäçe azyk önümlerini taýýarlamak üçin niýetlenendir. Ýagy we ýokary bejerijilik ukyby bolan, ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýan gowaça gülüniň baly ýokumlylyk derejesi boýunça gymmatly önümleriň hatarynda durýar.

Milli Liderimiziň obasenagat toplumyny ösdürmäge berýän ünsi, oba hojalygyna hemmetaraplaýyn goldawyň netijesinde daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti üçin oňyn şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, obalary durmuş we ykdysady taýdan ösdürmäge, obasenagat toplumynyň netijeli ösüşini nazarlaýan maliýe-ykdysady höweslendirmeleriň berilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ägirt uly işler alnyp barylýar.

Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, pudagyň tehniki parkynyň üstüniň ýetirilmegine uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şu maksat bilen, döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek, edermen daýhanlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işinde täze üstünlikler we güýç-kuwwat arzuw edildi.

Her welaýatdan pagtaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli çagalar öz ýanlary bilen oba zähmetkeşleriniň ýeňşini alamatlandyrýan horjun doly ak pagtany alyp geldiler. Welaýatlaryň ýaşajyk wekilleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan ägirt uly üstünlikleri wasp edýän goşgulary aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we arzuwlar üçin çagalara minnetdarlyk bildirip, olara toý sowgatlaryny gowşurdy. Soňra ekerançylygyň iň gowy däplerini dowam etdirijiler bolan ýaş nesilleriň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz olar bilen şanly wakanyň hormatyna ýadygärlik surata düşdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen ýylynda edermen pagtaçylaryň ajaýyp zähmet ýeňşini gazanandyklaryny we Hasyl toýuny mynasyp zähmet sowgady bilen garşylandyklaryny belledi.

Watan harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pagta tabşyran daýhanlar şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň bu üstünliginiň aňryçäk däldigini belledi. Bu üstünlik edermen pagtaçylaryň we oba hojalyk pudagynyň ähli işgärleriniň agzybirlikli hem-de yhlasly zähmetiniň netijesidir.

Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden we Ak bugdaý, Balkan welaýatynyň Magtymguly, Bereket we Esenguly, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky, Gubadag we Akdepe, Lebap welaýatynyň Çärjew, Darganata we Saýat, Mary welaýatynyň Tagtabazar, Baýramaly we Wekilbazar etraplarynyň hasyl ussatlarynyň gazanylan ýeňşe mynasyp goşant goşandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pagtaçylaryna we oba hojalyk pudagynyň ähli işgärlerine olaryň öndürijilikli zähmetleri we gazanan ýeňişleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygy sazlaşykly ösdürilýär. Pudakda amala aşyrylýan özgertmeler oňyn netijesini berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we döwletimiziň daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertleri döredýändigini, olaryň kämil tehnikalar, dökünler, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýändigini belledi. Munuň özi oba zähmetkeşleriniň topraga söýgüsini, ýokary hasyl almaga yhlasyny artdyrýar. Milli Liderimiz toprakdan alynýan hasylyň Watanymyzyň baýlygydygyny, halkymyzyň abadançylygydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli oba zähmetkeşlerini, pagtaçylary gazanan ýeňişleri bilen ýene bir ýola gutlap, olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.