Ï Ylýas Öwezgeldiýew – «Şöhrat» ordeniniň ähli derejesiniň eýesiniň ilkinjileriň biri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylýas Öwezgeldiýew – «Şöhrat» ordeniniň ähli derejesiniň eýesiniň ilkinjileriň biri

view-icon 3697
Ylýas Öwezgeldiýew – «Şöhrat» ordeniniň ähli derejesiniň eýesiniň ilkinjileriň biri

«Şöhrat» ordeniniň ähli derejesiniň eýesi öz döwrüniň gahrymany diýen ada deň bolan. Türkmenistanyň taryhynda olar dört adamdy: Ahmet Allaberdiýew, Ylýas Öwezgeldiýew, Ahmet Annadurdyýew we Muhammetguly Durdyýew. Olardan ýaşy boýunça ulusy 1914-nji ýylyň 12-nji fewralynda doglan Ylýas Öwezgeldiýewdi.

«Şöhrat» ordeniniň üç derejesiniň her biri Y.Öwezgeldiýewe her gezek söweş meýdanynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin berildi.

Grigoriý Çuhraýyň «Esger hakda ballada» kinofilminde režisýor özündäki gorkudan we ýaýdanjaňlykdan rüstem gelip, garşydaşyň tanklarynyň ikisini hatrdan çykarandygy üçin, filmiň gahrymany Alekseý Skworsowa sylag hökmünde alty günlük rugsat berlendigini beýan edýär. Şeýle gahrymançylyk bir ýa iki gezek däl, her gezek janyňy howp astyna salyp görkezilýän bolsa dagy, bar onsoň... Her gezek gorkudan üstün çykyp, belent maksadyň hatyrasyna şeýle edermenlik, dogrudanam ýokary sylaga mynasypdyr.

Aşgabadyň etegindäki Gökje obasynda uruň öň ýanlaryndaky ýyllarda kolhoz meýdanlarynda zähmet çekip ýören daýhan maşgalasynda dünýä inen Ylýas deň-duşlaryndan tapawutlanamýardy. Agras, ýuwaş, zähmetsöýer ýigitdi. Ýedi ýyllyk mekdebi tamamlandan soň dogduk kolhozynda işçi bolup işleýär. Soň Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip gelýär. Soň bolsa 1942-nji ýylda urşa gatnaşmaly bolýar.

Rumyniýada Mardzina, Poýeni, Putna obalarynyň etegindäki söweşlerde kiçi seržant Y.Öwezgeldiýew duşman tankyny, ot açýan nokatlarynyň dördüsini we pyýada goşun bölümini ýok edýär. Liwadi obasynyň golaýynda pulemýot nokatlarynyň ýene bäşisini, pyýada goşun wzwodyny, Wengriýada duşman topuny, ot açýan nokatlarynyň dördüsini we goşun bölümini gyrgyna berýär.

Şol döwürdäki düzgüne görä, Şöhrat ordenleriniň doly kawalerlerine nobatdaky harby at dakylýardy. 40-njy goşunyň 513-nji aýry pulemýot-artelleriýa batalýonynyň 76 mm-lik topunyň çeneýjisi seržant Y. Öwezgeldiýewe göni starşina harby ady berilýär.

Ýeňşiň dabaraly Ýörişine gatnaşmaly bolanda oň adynyň ilkinjileriň biri bolup tutulmagy tötänden däldi. Ylýas Moskwada Gyzyl meýdançadan dabaraly Ýöriş geçmeli bplanda hem bu tabşyrygy-da aňryýany bilen ýerine ýetiripdi.

Ýarym ýyldan soň Ylýas dogduk obasynda ýene-de gök ekinçiler toparynda ýönekeý işçi bolup işläp başlaýar.

Obadaşlary Ylýasy gowy tanaýan bolsalaram, il bilen deň derejede ir ertirden giç agşama çenli zähmet çekýän ildeşleriniň uruş gahrymanydygyny bilýäni azdy. Onuň jeň meýdanyndaky edermenligini Ylýasy ekarançylaryň topar ýolbaşçylygyna teklip edenlerinde bilip galdylar.

«Şöhrat» ordeniniň ähli derejesiniň eýesi Ylýas Öwezgeldiýew hossarlarynyň we obadaşlarynyň hakydasynda zähmetkeş, sada adam hökmünde galdy.