Ï Konserwatoriýa meşhur sazanda Şükür bagşynyň 190 ýyllygyny dutaryň ajaýyp owazy we beýleki saz gurallarynyň mylaýym heňleri bilen belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Konserwatoriýa meşhur sazanda Şükür bagşynyň 190 ýyllygyny dutaryň ajaýyp owazy we beýleki saz gurallarynyň mylaýym heňleri bilen belledi

view-icon 16732
Konserwatoriýa meşhur sazanda Şükür bagşynyň 190 ýyllygyny dutaryň ajaýyp owazy we beýleki saz gurallarynyň mylaýym heňleri bilen belledi
camera-icon
Alekseý Gimaletdinow

Meşhur sazanda Şükür bagşynyň adyny bilmeýän ýekeje türkmen raýatam ýok bolsa gerek. Aramyzda gezip ýören bolsady, şu ýyl ady rowaýata öwrülen duşakly dutar ussady 190 ýaşyny doldurardy, ýöne onuň şöhraty ýüzýyllyklara-da aşar.

“Ony öz obasyna ýetirmezdiler. Bu gün bir obadan gelse, ertir ikinji bir oba alyp giderdiler. Ony ýalaň “bir günlük” diýip, öz obasynyň adamlaryndan sorap alyp giderdiler. Ýöne welin şol “bir günlük” diýlip alnyp gidilen sazanda gaýdyp bir aýdan-da, iki aýdan-da gelmezdi. Hemişe şeýledi. Ony öz obasyndan bir çykaryp bilseler, onsoň aňsatlar yzyna gaýtarmazdylar. Gezek-gezegine: obadan-oba, öýden-öýe, toýdan-toýa çagyrardylar” – Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” hekaýasy, ine, şeýle başlanýar.

“Uzyn, agajetli, garaýagyz, ýaňy otuzdan agan ýaş ýigit – diýip, ýazyjy ilki bagşynyň daş keşbini suratlandyrýar-da derrewem şahsyýetini häsiýetlendirýär. – Sazandanyň bolsa ulumsylygy, jögüligi, näzini artdyrmasy bolmazdy. Şunuň ýaly hem onuň ýadary ýokdy. Ol tutuş durky bilen öz sungatyna berilýärdi. Arzylanyp çagyrylan ýerine barardy. Onuň baryp düşen öýüniň içi-daşy derrew adamdan dolardy. Ol dutar çalmaga başlardy we öýi dolduryp oturan ýigitlerden, üzügiň etegini serpip, tärimiň daşyndan seredýän gelin-gyzlardan tizden joşa gelerdi.

Ol dutary emgenmän, kuwwatly ellerini, uzyn barmaklaryny oýnadyp, şabram çalardy. Köplenç onuň çalýan heňleri gahrymançylyk, edermenlik hakyndady. Ony diňläp oturan ýigitler bolsa özlerini söweşde ýaly duýardy we ýürekleri bilen beter joşardy.


Ol sazandady, diňe saz çalýardy. Sazandalygy bilen bolsa halkyna özüni aldyryp bilipdi. Ýöne welin onuň ady il içinde “Şükür sazanda” diýlip ýöredilmän, “Şükür bagşy” diýlip ýöredilerdi. Munuň özüne ýetesi sebäbi bardy.

Ol özüniň bütin ömründe iki sapar aýdym aýdypdy. Bu bolsa heniz özüniň ukybyny, hünärini saýlap alyp bilmän ýören mahallarynda bolupdy. Ine, şu iki gezek aýdym aýtmagy bilen, onuň ady “Şükür bagşy” bolup, il arasynda ýaýrapdy. Ol at ýöne-de bir ýaýramady, örän ýörgünlik bilen agyzdan-agza düşüp başlady.

Ol soň aýdym aýtmady, özüniň aýdym aýtmagyny düýbünden goýdy. Aýdym aýtmak oňa çylşyrymsyz, ýönekeý zat bolup göründi. Onuň bilen gyzyklanmady. Dutar onuň ünsüni özüne çekýärdi. Şonuň bilen gidişýärdi. Dutaryň erkini öz eline aldy, öz ýüregindäki duýgulary onuň içine sygdyrmagy başardy. Şonuň üçin-de özüniň dili bilen, sesi bilen berjegini dutary arkaly bermäge dyryşdy. Şeýle hem etdi. Hemişe saz çaldy, ýöne welin başgalara öýkünip däl, özünden täze-täze heňler döredip çaldy”. 

1963-nji ýylda Bulat Mansurowyň “Şükür bagşy” çeper filmi ekrana çykdy. Bu film türkmen kinosyny we onuň baş gahrymanyny bütin dünýä meşhur etdi.

Rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň 190 ýyllygy mynasybetli guralan hatyra agşamy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda geçirildi. Ony Nury Halmämmedowyň adybir filmi üçin ýazan “Şüküriň mowzugy” we “Nar agajy” atly iki eserini ýerine ýetiren tüýdükçiler kwarteti açdy.

Şükür bagşynyň Eýran hanynyň köşk sazandasy Gulam bilen bäsleşýän parçasy – “Şükür bagşy” filminden bir bölek monitor arkaly sahnada görkezilýärdi. Artist Aman Handurdyýew Nurmyrat Saryhanowyň hekaýasynyň gahrymanynyň beýanyna doly laýyk gelýär – inçesagt, ýanyp duran gözli, dutaryň tarlary bilen täsinlik döredýän uzyn çeýe barmakly.

Aýdym-sazyň halkyň durmuşyndaky, Şükür bagşynyň türkmen sazyndaky orny barada konserwatoriýanyň mugallymy Rejep Annamyradow we Duşagyň Şükür bagşy adyndaky aýdym-saz mekdebiniň uçurymy Gunça Muhammetberdiýewa, şeýle hem bagşynyň obadaşy, Duşak şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy Nurnazar Jumanazarow gürrüň berdi. Mekdepde okatmakdan başga-da Nurnazar ýazyjylyk bilen meşgullanýar. Onuň agşama ýygananlara görkezen awtorlyk kitaplarynyň arasynda Şükür bagşy hakda-da kitap bar. Ol bu kitaby sowgat ýazgysy bilen konserwatoriýa bagyşlady.

Soňra Türkmenistanyň halk artistleri Aganazar Öwezgeldýewiň, Orazmyrat Annanepesowyň we Muhammetdurdy Muhammetnyýazowyň ussat ellerinde dutar ýaňlandy. Olar öz saz çalyşlary bilen Şükür bagşynyň sazynyň zehinli türkmen halkynyň arasynda ýaşaýandygyny ynandyryjy tassyk etdiler.