Ï Lebap welaýatynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy boýunça maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýatynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy boýunça maslahat geçirildi

view-icon 4246
Lebap welaýatynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy boýunça maslahat geçirildi

«Türkmenistanyň guraksy sebitlerindäki oba hojalyk jemagatlarynyň howa ýagdaýyna görä durnukly ykdysady işini goldamak» atly BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de USAID-iň maliýe goldawy arkaly tejribeli bagbanlaryň pikirleri we islegleri öwrenilip, Samarkantdan (Özbegistan) miweli agaç nahallarynyň 3140 sanysy satyn alyndy. Netijede, goňşy ýurtdan uzyn boýly we karlik görnüşli alma, armyt, beýi, gara garaly, erik, şetdaly, ülje we çereşnýa agaçlarynyň nahallary getirildi we ekmeklik üçin bagbanlara paýlanyldy. Ol nahallar yssy we guraksy howa şertlerine uýgunlaşan hem-de ýokary hasyl berýän baglaryň görnüşleridir.

Miweli agaçlaryň nahallaryny «Türkmenistanyň guraksy sebitlerindäki oba hojalyk jemagatlarynyň howa ýagdaýyna görä durnukly ykdysady işini goldamak» atly BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň çäklerinde satyn alnan bag nahallaryny talabalaýyk oturtmak, ideg etmek we ýetişdirmek maksady bilen Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde «Nahallary oturtmagyň düzgünleri we ýaş baglara ideg etmek» atly usuly – amaly okuw geçirildi. Oňa Lebap welaýat we Dänew etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminiň wekilleri we tejribeli bagbanlar gatnaşdylar.

Okuwyň dowamynda miweli agaçlary oturtmak üçin ýerleri taýýarlamagyň we olary oturtmagyň döwürleri we düzgünleri, nahallara ideg etmek, suwarmak we aýazly howadan goramak barada giňişleýin durlup geçildi. Okuw – maslahatyň soňunda ýörite taýýarlanylan ýerde miweli agaçlary oturtmagyň usullary görkezildi.