Ï Ýurdumyzda hasyl toýy belleniler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda hasyl toýy belleniler

view-icon 18738
Ýurdumyzda hasyl toýy belleniler

Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbe güni bellenýän Hasyl toýy orak, ekerançylyk we pagta ýygymy möwsüminiň tamamlanandygyny aňladýar, şonuň üçin esasy dabaralar oba hojalyk işgärlerine, daýhanlara, mülkdarlara, agronomlara, seleksiýaçylara we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşlerine bagyşlanar.

Däp bolşy ýaly, bu möhüm waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerli daýhanlaryň şu ýylky gazanan üstünliklerini jikme-jik beýan edýän sergiler gurnalar.

«Ak altyn» hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçlarynyň ýerine ýetirilendigi barada ýakynda Ahal, Lebap, Daşoguz, Mary welaýatlarynyň we birnäçe etrabyň pagtaçylary hasabat berdiler. Öňdebaryjy pagtaçylar her ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetine mynasyp goşant goşmak bilen, pagta hasylynyň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmaga çalyşýarlar.

Miwe we gök ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň we zaýasyz ýygnamagyň görkezijileri ýokarlandy. Mysal üçin, Murgap düzlüginiň daýhanlary gant şugundyryndan bol hasyl aldylar, şitilhana hojalyklaryny köpeltmegiň hasabyna bolsa, Türkmenistanyň oba hojalykçylary şitilhana pomidorynyň eksportyny iki esse artdyrdylar. Şu ýyl Russiýa Federasiýasyna 32 müň tonnadan gowrak türkmen pomidory eksport edildi.

Şu ýyl şaly meýdanlary üçin 8100 gektar ýer bölünip berildi, bu bolsa Daşoguz welaýatynyň daýhanlaryna «Müňbaşy», «Nüküs-2», «Alenga» we «Bereketli» ýaly ýokary hilli tüwiniň bol hasylyny ýygnamaga mümkinçilik berdi.

Oba hojalygynyň esasy pudaklary bolan maldarçylyk bilen guşçylyk hem mallary ösdürip ýetişdirmek we semretmek boýunça görkezijilerini ýokarlandyrdylar. Geçen ýylky bilen deňeşdirilende, ýurtda gara malyň, dowaryň, düýäniň we guşlaryň sany artdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýylda 30 tonna guş etini öndürmäge ukyply döwrebap guşçylyk kärhanalary gurulýar.

Eziz Diýarymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekdäki gazanylan bu möhüm üstünlikler Döwlet baştutanymyzyň aladasy we ähli taraplaýyn goldawy netijesinde gazanylýar. Oba hojalygynda bolup geçýän düýpli özgerişler daýhanlara we oba zämetkeşlerine döwletimiziň gülläp ösmegine möhüm goşant goşup, bol hasyl bilen halkymyzy begendirmäge mümkinçilik berýär.