Ï Döwlet Baştutanymyz Türki dilli döwletleri ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmaga çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz Türki dilli döwletleri ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmaga çagyrdy

view-icon 2558
Döwlet Baştutanymyz Türki dilli döwletleri ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmaga çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleri ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmaga çagyrdy.

Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitinde çykyş edip, Türkmenistanyň ykdysady we söwda gatnaşyklaryny yzygiderli hem-de belli bir maksada gönükdirip pugtalandyrmaga hyzmatdaşlyk etmegiň örän möhüm ileri tutulýan ugry hökmünde garaýandygyny belledi.

«Türki dilli döwletler Aziýany hem-de Ýewropany berk we durnukly ulagdyr energetika ulgamlary arkaly birleşdirjek Ýewraziýa giňişliginde tebigy halkany emele getirýär. Şeýle ulgamlary döretmekde biziň ýurtlarymyz möhüm orny eýelemäge ukyplydyr. Bu Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça iri Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna energiýa serişdelerini, harytlary ibermegiňdir hyzmatlary etmegiň gysga, ygtybarly, howpsuz ýoly bolup durýar».

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu ýerde Hazar sebitinden Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa energiýa ulgamlaryny, Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýän üstaşyr logistik geçelgeleri gurmagyň taslamalary göz öňünde tutulýar.

«Şonuň bilen baglylykda, biz hyzmatdaşlygyň şu ugruny güýçlendirmek, türki dilli döwletleriň oýlanyşykly bitewi strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmek, şonuň esasynda ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmak zerur diýip hasap edýäris» – diýip milli Liderimiz belledi.