Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleri hereketleri utgaşdyrmaga çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleri hereketleri utgaşdyrmaga çagyrdy

view-icon 3165
Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleri hereketleri utgaşdyrmaga çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleri dünýä bileleşiginiň öňünde durýan meseleleri çözmekde hereketleri utgaşdyrmaga çagyrdy. Bu barada döwlet Baştutanymyz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitindäki çykyşynda aýtdy.

Milli Liderimiz Ýer ýüzünde çylşyrymly ýagdaýlar, düýpli özgertmeler bolup geçýän häzirki döwürde doganlyk halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge agzybirlikde çemeleşmäge çagyrdy.

«Türki dilli ýurtlaryň öz at-abraýyna we möhüm syýasy-diplomatik ýagdaýyna daýanýan ylalaşylan, işjeň garaýşy halkara hem-de sebit işlerinde, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýada, Hazar we Gara deňzi sebitlerinde, Günorta Kawkazda, Orta we Ýakyn Gündogarda durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de gorap saklamakda wajyp orny eýelemäge ukyplydyr» – diýip hormatly Prezidentimiz nygtady.

«Şunuň bilen baglylykda, türki dilli döwletleriň birleşiginiň BMG-nyň işine has işjeň we netijeli gatnaşmak syýasatyny işläp düzmäge girişmegini maksadalaýyk hasaplaýarys. BMG bilen biziň birleşigimiziň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýörite halkara resminamada berkidilse, bu ugurda ädilen yzygiderli ädim bolardy» – diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

Mill Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şu teklip bilen doly ylalaşylan halatynda, ýakyn wagtda Baş Assambleýada deslapky diplomatik işe başlap, soňra bolsa degişli Rezolýusiýanyň umumy taslamasy bilen çykyş edip bolar.

«Sebäbi türki dilli döwletleriň BMG bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça netijeli hem-de umumy garaýşy halkara bileleşikde düşünmek bilen kabul ediler we goldawa eýe bolar, umumy bähbitler üçin tagallalary birleşdirmegiň täsirli guralyna öwrüler diýip pikir edýärin» – diýip döwlet Baştutanymyz belledi.