Ï Türkmen wokalynyň öçmez ýyldyzy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wokalynyň öçmez ýyldyzy

view-icon 6428
Türkmen wokalynyň öçmez ýyldyzy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýewe bagyşlanan konsert boldy, 10-njy noýabrda onuň doglan gününe 100 ýyl dolardy. Bu ýerde türkmeniň hoş owazly bagşysy barada ýazylan makalalaryň sergisi goýlupdyr.

Konserwatoriýanyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Resul Amangeldiýew konserti giriş sözi bilen açdy. Soňra Ýolaman Hummaýewiň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän «Öçmejek ýyldyz» dokumental filmi görkezildi, onda bagşynyň öz öýüniň penjiresinden, ozalky Opera we balet teatryna bakyp duran gymmatly arhiw kadrlary, ady rowaýata öwrülen wokalçynyň gatnaşmagynda operalardan bölekler görkezildi, iň esasy-da onuň hoş owazly ýakymly aýdymlary ýaňlandy.

Konserti alyp baran sazyň taryhy kafedrasynyň müdiri Bahargül Ýakubowa ajap wokal eserleriniň üçüsini yglan etdi. Kompozitor Rejep Rejebow «Das galdy» aýdymyny Ýolaman Hummaýewe bagyşlapdyr. Ony liriki tenor sesde Begenç Moşşyýew ussatlarça aýtdy.

Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan Ýolaman Hummaýewiň öz döwründe ussatlarça ýerine ýetiren Garybyň ariýasyny Röwşen Baýramow ýerine ýetirdi. Aleksandr Warlamowyň «Вдоль по улице метелица метет» aýdymy bilen sahna ýene Begenç Moşşyýew çykdy. Bir gezek rus zenanlarynyň bir topary köçede Ýolaman Hummaýewi saklap, onuň şol aýdymy aýdyşyna aşykdyklaryny aýdypdyrlar. Onsoň aýdymçy olar üçin köçäniň ugrunda aýdym aýdanda, töweregine mähelle bary üýşüpdir.

TMK-nyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk orta hünär mekdebiniň horeografi Nargül Pürsiýanowanyň ýolbaşçylygyndaky ansambl Weli Muhadow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Zöhre-Tahyr» operasyndan «Piala» tansyny, horeograflar Gülbahar Musaýewa bilen Oraz Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ansambl Aşyr Kulyýew bilen Ýuliý Meýtusyň «Abadan» operasyndan «Baýramçylyk tansyny» ýerine ýetirdiler. Bu babatda Ýolaman Hummaýew geçen asyryň 40-njy we50-nji ýyllarynyň başlarynda esasy rollarda çykyş edipdi.

Agşamyň ahyrynda Ýolaman Hummaýewiň gyzy,Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gözel Hummaýewa ir giden kakasy barada gürrüň berdi.