Ï Türkmen samboçylary ýene-de iki bürünç medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen samboçylary ýene-de iki bürünç medal gazandylar

view-icon 8754
Türkmen samboçylary ýene-de iki bürünç medal gazandylar

Daşkent şäherinde geçrilýän sambo boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň türgenleri ýene iki bürünç medaly gazanmagy başardy. Ýaryşyň  soňky güni bürünç medallary  sambo söweşiniň wekilleri Abdylla  Babaýew (71 kg agram derejesinde)  hem-de Rüstem Penjiýew (79 kg çenli) gazandylar.

Bu üstünlige barýan ýolda halkara derejeli sport ussady A.Babaýew Mger Merjanýandan (Ermenistan), Filipp Wirgelm Grafdan (Germaniýa) hem-de Alaýbek Umatowdan (Gyrgyzystan) üstün çykdy. Ýarym finalda bolsa Litwaly Zugimantas Romaşkadan ýeňlip, bürünç medala mynasyp boldy. 

Bu medal Abdylla Babaýewiň dünýä çempionatlaryndaky üçünji bürünç medaly. Şular ýaly üstünlikleri ol 2015-nji ýylda Kasablankada (Marokkko) we 2018-nji ýylda Buharestde (Rumyniýa) dünýä çempionatlarynda gazanmagy başarypdy.

2018-nji ýylda Aziýanyň çempiony Rüstem Penjiýew üçin bolsa bu dünýä çempionatlaryndaky ilkinji uly üstünligidir. Ol Huan Montoýýany (Kolumbiýa) hem-de Nurlan Turganbaýewi (Gazagystan) ýeňmegi başaryp, ýarym finalda çempion bolan Ukrainaly Wladislaw Rudnewden ýeňildi we netijede bürünç medala mynasyp boldy.

Şeýle  hem, Rüstem Penjiýew sportyň jin-jitsu görnüşindäki üstünlikleri bilen meşhurdyr. Sportyň bu görnüşinde, ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirlen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda altyn medal gazanyp, at gazanan sport ussady diýen hormatly ada mynsyp boldy.

Babaýew we Penjiýew Türkmenistan söweşjeň sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Şöhrat Annamuhamedowdan hem-de Türkmenistanyň söweş sungatlary Federasiýasynyň ýolbaşçysy A.Nyýazmeňliýewden tälim alýarlar.

Şeýlelikde, türkmen samboçylary, jemi üç bürünç medal gazanyp, Daşkentde geçirilýän dünýä çempionatyndaky  çykyşlaryny tamamladylar. 2021 — Dünýä çempionatynda Türkmenistan türgenlerinden ilkinji bürünç medaly  samboçy türgen Nedir Allaberdiýew gazandy.

Şeýle üstünligi ildeşlerimiz dünýä çempionatlarynda soňky gezek erkekleriň arasynda bäş ýyl mundan ozal gazanypdyrlar. Şonda Sofiýada (Bolgariýada) 2016-njy ýylda geçirlen dünýä çempionatynda 90 kg agram derejesinde çykyş edýän Tejen Tejenow bürünç medala  mynasyp bolupdy.

Sambo boýunça dünýä çempionatlary 1973-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Indiki çempionaty 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirmek bellenildi. Geçen ýyl Halkara Oiimpiýa Komiteti Halkara Sambo Federasiýasyny doly derejede ykrar etdi.