Ï Muzeýe sowgat berlen suratlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Muzeýe sowgat berlen suratlar

view-icon 7843
Muzeýe sowgat berlen suratlar

Daşoguz welaýatynyň Taryh we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyna meşhur suratkeş Merdan Kakabaýewiň otuz sany suraty goşuldy. Nakgaş bu suratlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet ojagyna sowgat berdi.

Sünnä eserleriň arasynda tanymal medeniýet işgärleriniň portretleri, natýurmortlar, türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligini şöhlelendirýän peýzažlar bar. Merdan Kakabaýewiň döredijiliginde Watan temasynyň hemişe esasy orun tutýandygyny bellemelidiris. Muzeýiň sergi tekjelerinde türkmen topragynyň dürli ýyllardaky bol hasylly baglaryny we ekin meýdanlaryny şeýle-de, Türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşýän binalaryň özboluşly ýadygärliklerini görkezýän köp sanly şekiller ýerleşdirildi.

Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzda işleýän Gubadag etrabyndan çykan zehinli suratkeşiň eserleri sebitden has uzakda tanalýar, olaryň köpüsi Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Aşgabat sergi merkezinde ýerleşdirildi. Mundan ozal Merdan Kakabaýew Daşoguz welaýatynyň Taryh we ülkäni öwreniş muzeýine halk arasynda tanymal bagşylaryň alty portretinden ybarat eserini sowgat beripdi.

Daşoguz welaýatynyň Taryh we ülkäni öwreniş muzeýi jemgyýetçilik we medeni maksatly häzirki zaman desgasy bolup, onda özboluşly eksponatlary saklamak, ylmy gözlegler we dikeldiş işlerini geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde arheologik we etnografik sergiler, tebigatyň we şekillendiriş sungatynyň sergileri, şeýle hem welaýatyň häzirki üstünliklerine we täze binalaryna bagyşlanan sergiler yzygiderli işleýär.

Häzirki wagtda muzeýiň gaznalarynda türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we sungaty bilen baglanyşykly on bir müňden gowrak eksponat bar. Bular arheologik tapyndylar, gadymy lybaslar, ajaýyp halylar, zergärlik önümleri, öý goşlary, ülkäniň taryhy baradaky resminamalar we başgalardyr. Olaryň bir bölegini sebitiň ýaşaýjylary muzeýe sowgat beripdir.