Ï «Mukamyň syry» filminde ýaňlanan owaz
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Mukamyň syry» filminde ýaňlanan owaz

view-icon 6241
«Mukamyň syry» filminde ýaňlanan owaz
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Welmyradowany 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli mübäreklemek dabarasy boldy.

Agşamy alyp baryjy, jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa tanymal aýdymçy Amanbibi Welmyradowany ýaş toýy bilen gutlap, onuň şahsy durmuşy we baý döredjiligi bilen dabara gatnaşýanlary tanyşdyrdy.

Konserwatoriýanyň professory Ýolaman Nurymow Amanbibi Welmyradowa barada gürrüň berdi. Ol filarmoniýa ýolbaşçylyk eden döwri zehinli ýaş aýdymça üns beripdi.

Türkmenistanyň halk artistleri Şemşat Hojaýewa, Baýrammyrat Söýünow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gülşirin Annamyraowa we Aýgül Ýagşyýewa dagy çykyş ýedip, ýubilýary aýdym bilen gutladylar.

«Ylham» kamera orkestriniň saz çalmagynda Didar Ýomudow «Mukamyň syry» filminden Karkaranyň aýdymyny ýerine ýetirdi, ilkinji zenan bagşy - Karkaranyň keşbini filmde Türkmenistanyň halk artisti Liza Garaýewa döredipdi, onuň aýdymyny bolsa Amanbibi Welmyradowa aýdypdy.

Dabarada zehinli aýdymçynyň durmuşyndan gürrüň berýän suratlar görkezildi. Ony özüne halypa saýýan konserwatoriýanyň talyplary, telewideniýäniň ýaş işgärleri Amanbibi Welmyradowanyň adyna mähirli sözleri aýtdylar.