Ï Täze “Erkin” seýilgähi Aşgabadyň ýaşyl lybasyna görk goşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze “Erkin” seýilgähi Aşgabadyň ýaşyl lybasyna görk goşdy

view-icon 4763

Şu gün paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde açylan “Erkin” atly täze, döwrebap seýilgäh hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan, Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň netijesidir. Täze seýilgäh Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda amatly durmuş şertlerini döretmek şäheri ösdürmegiň konsepsiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ekologik abadançylygynyň üpjün edilmegini esasy wezipe hökmünde kesgitledi. Şuňa görä, desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda seýilgäh zolaklaryny döretmek, şäheriň çäklerini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän ekologik çäreleriň netijesinde paýtagtymyzy ajaýyp ýaşyl zolak büreýär.

Seýilgähiň açylmagy mynasybetli dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Täze seýilgähiň açylyş dabarasynda çykyş edenler bu taryhy ähmiýetli wakanyň milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrülendigini nygtadylar. Çünki halkymyz, her bir maşgalanyň abadançylygy we saglygy hakyndaky alada Türkmenistanda alnyp barylýan düýpli özgertmeler maksatnamasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Diňe şu ýylyň dowamynda iri önümçilik we düzümleýin desgalar bilen bir hatarda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary guruldy. Ak mermerli paýtagtymyzda täze seýilgäh zolaklary döredildi. Olarda aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň wagtyny medeniýetli geçirmekleri hem-de dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Täze seýilgähiň ýanynda şu ýylyň sentýabr aýynda “Laçyn” atly seýilgähiň açylandygyny hem bellemek gerek.

Dabarada çykyş edenler halkymyzyň bagtyýarlygy, abadançylygy ugrunda yzygiderli alada edýändigi, döredijilikli zähmet çekmek we oňaýly dynç almak babatda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şäher ilatynyň hem-de ähli watandaşlarymyzyň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, paýtagtymyz Aşgabat gün-günden gözel görke eýe bolýar.

Bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň we “Aşgabat” aýdym-saz toparynyň bilelikde ýerine ýetiren “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly hoş owazly aýdymy tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşyp, çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.

Täze seýilgähiň toý bagyny kesmek il içinde sylagly ýaşululara we enelere ynanyldy.

Şäheriň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde gurlan “Erkin” seýilgähi A.Nyýazow şaýoly we Amyderýa köçeleri bilen Hoja Ahmet Ýasawy we B.Hudaýnazarow köçeleriniň aralygynda ýerleşdirildi. Onuň umumy eýeleýän meýdany 16,97 gektara barabardyr. Seýilgähiň merkezinde belentligi 22 metr bolan Baýdak sütüni oturdylyp, onda Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl Tugy erkana parlaýar.

Bu ýerde dynç almak üçin niýetlenen ýerler özboluşly yşyklandyryş ulgamy, pyýada we welosiped ýodalary bilen sazlaşykly utgaşýar. Welosiped sürüjiler üçin seýilgäh zolagynyň daşynda-da ýörite ýoda guruldy. Uly awtoduralganyň iki tarapynda hem welosipedleri goýmak üçin ýörite ýerler göz öňünde tutuldy.

Gök zolaklar bu künjegiň tebigy aýratynlyklary esasynda ýerleşdirildi. Seýilgähiň çäklerinde saýaly we pürli agaçlaryň, beýleki ösümlikleriň 7 müňden gowragy oturdyldy. Dürli güller ekilip, güllerden owadan şekiller döredildi. Bu bolsa amatly howa gurşawyny emele getirip, seýilgähe gezelenje barýan adamlara estetiki lezzet berýär. Kompressor beketleriniň ikisi we äpet suw gaplary baglaryň öz wagtynda suwarylmagyny üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tebigatyň gözelligini synlamak durmuşa höwesiňi artdyryp, ynsan saglygyna örän gowy täsir edýär. Milli Liderimiz häzirki zaman şäherleriniň hem-de şäher ilatynyň durmuşynda seýilgähleriň we gök zolaklaryň, özboluşly ösümlik dünýäsiniň döredilmeginiň aýratyn ähmiýetlidigini belläp, olaryň ekologik ýagdaýyna üns bermegi tabşyrýar. Munuň özi dynç alyş ýerleriniň amatlylygyny, arassa howada wagtyňy geçirmek üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegini şertlendirýär.

Şeýlelikde, häzirki zaman seýilgäh zolaklary Aşgabadyň ilatynyň we myhmanlarynyň işjeň dynç almaklary üçin zerur şertler bilen üpjün edilýär. “Erkin” seýilgähinde-de arassa howada bedenterbiýe, sport maşklaryny ýerine ýetirmek, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler döredildi. Welosiped ýodalary guruldy we welosipedleri kärendä bermek işi ýola goýuldy.

Dabara gatnaşyjylar täze seýilgähiň çäkleri boýunça gezelenjiň dowamynda “Ýaşlyk” akkordeonçylar toparynyň, “Altyn serpaý” toparynyň skripkaçylarynyň, “Joşgun” hem-de “Aýjan” çagalar hor we tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler, meşhur aýdymçylaryň belent owaza beslenen aýdymlaryny, sazlaryny diňlediler. “Şowhun” sirk toparynyň we çagalar sport mekdebiniň ýaşajyk türgenleriniň görkezme çykyşlary guraldy.

Seýilgähiň käbir künjeklerinde çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň surat sergileri guraldy. Olaryň ajaýyp paýtagtymyzy wasp edýän surat eserleri dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Aşgabat “baglar şäheri” adyna eýe bolmak bilen, bu ýerde ajaýyp seýilgähler, gök zolaklar, özboluşly ösümlik dünýäsi suw çüwdürimler toplum bilen bitewi sazlaşygy emele getirip, gözelligi, ýaşaýyş üçin amatlylygy özünde jemleýän şäheriň ekologik derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär.

Paýtagtymyzyň seýilgähleri we gök zolaklary ak mermerli binalar toplumynyň ajaýyp ýaşyl jähegi bolup hyzmat edýär. Özboluşly binagärlik çözgütli “Garagum” oteliniň ýanynda ýerleşýän täze “Erkin” seýilgähiniň, şäher ilaty üçin bolşy ýaly, paýtagtymyzyň myhmanlary üçin hem söýgüli künjekleriň birine öwrüljekdigi şübhesizdir.