Ï Gurbandurdy Çaryýew – zehinli kompozitorlaryň biridi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurbandurdy Çaryýew – zehinli kompozitorlaryň biridi

view-icon 4115
Gurbandurdy Çaryýew – zehinli kompozitorlaryň biridi

Uruşdan soňky nesliň parahatçylyk döwründe durmuşyň dürli ugurlarynda üstünlik gazanmaga çalyşýandygy hemmelere mälimdir. Şol ýetginjekleriň biri hem Gurbandurdy Çaryýewdir. Onuň kalbynda ýaşlygyndan aýdym – saz sungatyna uly höwes döräpdir. Oglunyň ukyp başarjaňlygyny duýan Mährijemal eje ony aýdym-saz mekdebine ýerleşdirip, aýdym-saz dünýäsine giň ýol açýar.

Baýramaly şäherinde işçi maşgalasynda dünýä inen Gurbandurdy öz deň-duşlary bilen bile ulalyp, boş wagtlarynda ussat turkmen halypalary bolan Sahy Jepbarowyň, Magtymguly Garlyýewiň, Amansaçly Tüýliýewiň radioda göýberilýän aýdym-sazlaryny söýüp diňläpdir.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki orta mekdepde ilkinji bilimini alýar. Soňra Aşgabatdaky sazçylyk internadyna okuwa girýär. 1962-nji ýylda Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde dirižýor-hor bolümine okuwa girýär.

Ol şol ýerde okap ýörkä birnäçe usssat halypalar W.A.Dmitrenko, Weli Muhadow ýaly kompozitorlaryň elinde tälim alýar. Gurbandurdy okap ýörkä kwartetdir, sonata, romanslar toplumy, hor, iki solist we simfoniki orkestr üçin dört bölümli «Ýürek ýadygärligi» diýen kontatasyny döredýär.

Okuwyny tamamlap Gurbandurdy Mary şäherindäki mugallymçylyk mekdebinde aýdym-saz mugallymy bolup işleýär. Soňra Medeniýet ministrliginiň halk döredijilik öýünde hünärnen bolup zähmet ýoluny dowam etdiripdir we ol Respublikada medeniýet edaralaryndaky aýdymçydyr, sazandalara täze döredilen aýdym – sazlaryny öwredýär. Şol ýerde-de ilkinji eserlerini döredip başlaýar. Olara mysal edip «Gijeler», «Pagtaçy gyz», «Sen aýdymyň aşygy», «Sada gyz» ýaly aýdymalaryny görkezmek bolar.

Gurbandurdy Çaryýew 2007- nji ýylda Gahryman Prezidentimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, «Prezidentiň ýüregi», «Baky ýaşa, Arkadag!» ýaly turkmeniň häzirki zaman aýdymlarynyň sazlaryny ýazýar. Türkmen halkynyň meşgur aýdymçylary Toýguly Jepbarow, Gulşat Gurdowa, Parahat Amandurdyýew dagy onuň döreden sazlaryna aýdymlary aýdyp, halkymyza ýetirip ruhuny göterýär.

Kompozitor ömrüniň dowamynda eziz Watanymyzy wasp edýän, şeýle-de milli Liderimize bagyşlanan sazlary döredýär. Gurbandurdy Çaryýewi zehinli kompozitor, ajaýyp adam hökmünde tanaýandyklaryny onuň işdeş ýoldaşlary aýdýarlar.