mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň wekilýeti Duşanbe şäherinde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» duşuşygyna gatnaşdy

view-icon 2092

Duşanbe şäherinde «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatynda Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.  

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda kabul edilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de sebitara hyzmatdaşlygynyň we özara hereketleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça pikirleri alyşdylar.

Nobatdaky gepleşikleriň, şeýle-de «MA-ÝB» formatyndaky Ykdysady forumyň işe girizilmeginiň aýratyn ähmiýetini we öz wagtyndalygyny nygtamak bilen, türkmen tarapy «Merkezi Aziýa-ÝB» formatynyň ähli gatnaşyjylarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hereketleriniň giňeldilmegi boýunça ençeme teklipleri beýan etdi.

Sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň derwaýys meselelerine üns bermek bilen, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ysnyşykly özara hereket etmek arkaly, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky BOMCA/CADAP maksatnamalarynyň çäklerinde bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň maksadalaýyklygyny nygtady. Şunda kiberhowpsuzlygyna garşy göreşmek, maglumat we biologiki howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy boýunça çäreleriň geçirilmegi özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.

Owganystanyň durnukly ösüşiniň ýola goýulmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynda, Türkmenistanyň bu ýurda kömek we goldaw bermegiň syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik düzüjileriniň bitewiligine esaslanýan çemeleşmesinden ugur alýandygy nygtaldy.

2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Bişkek şäherinde geçirilen «ÝB – Merkezi Aziýa» Ykdysady forumynda öňe sürlen maksatlar we ileri tutulýan ugurlar hakynda gürrüň etmek bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu gün olaryň durmuşa geçirilmegi ugrundaky geljekki hereketleriň kesgitlenilmegi üçin iň oňaýly wagtdyr, diýip beýan etdi. Şu nukdaýnazardan, özara hereketleriň ykdysady ugry boýunça bilelikdäki hereketleriň yzygiderliliginiň işlenilip düzülmegi hem-de ylalaşylmagy teklip edildi.

Türkmen tarapy energetika, senagat, söwda, ulag we aragatnaşyk ulgamlary indiki «ÝB – Merkezi Aziýa» Ykdysady forumynyň esasy ugurlary hökmünde öňe çykardy. Şonuň ýaly-da, nobatdaky Ykdysady forumyň Türkmenistanda geçirilmegi bilen bagly teklip hem beýan edildi.

Ulag, üstaşyr geçelgeler we logistika pudagyndaky ysnyşykly özara hereketleriň has-da ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny bellemek bilen, W.Hajiýew 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň esasynda Bieleşen Milletler Guramasy bilen birlikde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň bu ugurdaky ähmiýetli çözgüt bolup durýandygyny nygtady. Şunlukda, daşky gurşawyň goragy, howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň aýawlylygy hem-de rejeli peýdalanylmagy boýunça bilelikdäki hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy-da aýratyn bellenildi.

Syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamyndaky hereketleriň giňeldilmegi bilen birlikde, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy medeni-ynsanperwer ugry boýunça hem özara gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagynyň zerurlygyna üns çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, medeniýet, sungat we beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň tutuş toplumyny öz içine almagy bilen, täze guralyň - «ÝB–MА» Ynsanperwer hyzmatdaşlyk Forumynyň herekete girizilmegi derwaýys bolup durýar, diýip, W.Hajiýew belläp geçdi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy şeýle-de nobatdaky duşuşyga gatnaşyjylary 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.