Türkmenistanda hepdäniň başynda açyk, maýyl howa çaklanylýar. Penşenbeden, ýagny 25-nji noýabrdan howanyň sowamagyna we ýagyş ýagmagyna garaşylýar.
Aşgabatda az-kem bulutly, gündizlerine +16…+18 gradusdan +11…+13 gradusa çenli maýyl howa bolar. Gijelerine +5…+7 gradusdan 0…+2° gradusa çenli maýyl howa bolar. Hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.
Ahal welaýatynda hem şeýle howa bolar. Gündizlerine +15…+20 gradusdan +9…+14 gradusa çenli maýyl howa bolar. Howa gijelerine +2…+7 gradus bolup, –2…+3 gradusa çenli sowamagy mümkin. Ygal ýagmagy çaklanylýar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we ýagyşly howa bolar. Gündizlerine howa +16…+21 gradusdan +10…+15 gradusa çenli pese düşer, kenarýaka sebitlerde +8…+13° gradus maýyl howa bolar. Howa gijelerine +5…+10 gradusdan –2…+3 gradusa çenli sowar.
Mary welaýatynda hem ýagyş ýagar. Gündizlerine +16…+21 gradusdan +10…+15 gradusa çenli maýyl howa bolar. Gijelerine +2…+7 gradusdan –3…+2 gradusa çenli sowuk howa bolar.
Lebap welaýatynda hem gijelerine +1…+6 gradusdan –4…+1 gradusa çenli sowuk howa bolar. Gündizlerine +15…20 gradusdan +8…13 gradusa çenli maýyl howa bolar. Ýagyş ýagmagy mümkin.
Daşoguz welaýatynda ümürli howa bolmagy mümkiin. Gündizlerine +11…+16 gradusdan +4…+9 gradusa çenli maýyl, az-kem ýagyşly howa bolar. Gijelerine 0…+5 gradusdan –1…–6 gradusa çenli sowuk bolmagyna garaşylýar.
Möwsümleýin sowuklama keselleriniň we wirus ýokançlarynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin howanyň ýagdaýyna görä ýyly geýniň. Agyz-burun örtügini dakynyň we howpsuz aralygy saklaň.