Ï Täze awtoterminal gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze awtoterminal gurulýar

view-icon 3273
Täze awtoterminal gurulýar

Daşoguz şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda döwrebap täze ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşygy dowam edýär. Ony «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri gurýarlar. Häzir bu ýerde tehniki maksatly dürli jaýlar, şol sanda transformator, awtobuslar üçin ýuwalga, suw howdany we beýlekiler gurlupdyr; täze ymaratyň baş binasynyň binýady demir desgalary oturtmak üçin taýýarlanypdyr.

Taslama laýyklykda, awtoterminal üç gektar meýdany tutar. Ol merkezi şäher bazarynyň golaýynda gurulýar we ýoluň beýleki tarapynda ýerleşýän häzirki zaman işewürlik merkeziniň ak mermerli binalary bilen bir bitewi binagärlik ansamblyny emele getirer. Iki gatly binada garaşma otagy, ýolagçy ulagynyň ähli görnüşleri üçin bilet kassalary, maglumat hyzmaty we ammar otaglary ýerleşer. Sekizburçly ýyldyz görnüşinde gurlan awtoterminalyň awtobuslara we ýapyk taksi duralgalaryna amatly çykyşy bolar. Bu desga ýanaşyk meýdançalaryň ählisinde agaç oturdylar we abadanlaşdyrylar. Bu ýerden rahat awtobuslar bilen sebitiň we ýurduň dürli künjeklerine ýolagçy gatnatmagy amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Tutuş ýurtda bolşy ýaly, uly döwlet maýa goýumlary saýasynda Daşoguz welaýatynda ýol-ulag infrastrukturasy yzygiderli kämilleşýär. Ulag infrastrukturasyny häzirki zaman ülňülerine laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, häzirki wagtda sebitde ýükleriň we ýolagçylaryň çalt we amatly daşalmagyny üpjün edýän awtoulag ýollarynyň ulgamy, döwrebap howa we demir ýol menzili bar.