Bütindünýä çagalar güni, başgaça aýdylanda, Bütindünýä çagalara ýardam güni 20-nji noýabrda tutuş dünýäde bellenýän baýramdyr. 1989-njy ýylyň şu gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy adam hukuklaryny ähli çagalara degişli etmek üçin, hökmany kanuny güýji bolan ilkinji halkara konwensiýany – Çaga hukuklary baradaky konwensiýany kabul etdi. Türkmenistan bu konwensiýa 1994-nji ýylda goşuldy we şondan soň ähli çagalaryň eşretli durmuşyny üpjün etmekde möhüm ösüş gazandy.
Bütindünýä çagalar gününiň öňüsyrasynda ÝUNISEF Türkmenistanda ýaşlaryň bähbitleriniň wekili we sanly tehnologiýalar äleminde pikirleriň öňdebaryjysy Aýlar Hojamuhammedowa bilen öz taryhynda ilkinji “Instagram livestream” kanaly boýunça göni gepleşik gurady. Göni alyp görkeziş ÝUNISEF-iň missiýasy we gymmatlyklary baradaky maglumaty ýaşlaryň arasynda ýaýmaga, pikirleriň öňdebaryjylarynyň ygrarly tarapdarlaryny ÝUNISEF-iň tarapdary bolmaga höweslendirmäge we guramanyň dekabr aýynda bellenjek 75 ýyllygyny bellemäge gönükdirilipdi.
20-nji noýabrda bolsa Bütindünýä çagalar gününi belleýän ÝUNISEF “Yeňme” jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde çagalary giň gerimli çagalar baýramçylygyna gatnaşmaga we Birleşen Milletler Guramasyny dolandyrmagy öz üstlerine almaga çagyrdy. BMG-niň Türkmenistanda ýaşaýan sazlaýjysy Dmitriý Şlapaçenko çagalary BMG-niň binasynda garşy alyp, olary Bütindünýä çagalar güni bilen gutlady. Ol çagalaryň ýurduň we dünýäniň geljegidigini, BMG-niň edýän ähli işleriniň bolsa olaryň has gowy geljeginiň bolmagy üçin edilýändigini nygtady. Bu çäre çagalara döredijilik mümkinçiliklerini we akyl-paýhasyny ýüze çykarmaga, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin, zerur çäreleri görmäge kömek etdi. Ol çagalar bilen amaly okuw geçirmekden başga-da öwrenmek, oýnamak, tans etmek, aýdym aýtmak we çagalar bilen unudylmajak gün geçirmek üçin, BMG-niň işgärlerini, meýletinçileri bir ýere jemledi.
Çäräniň birinji bölüminde çagalar işjeňlik üçin ýörite işlenip düzülen “Menziller” ýol kartasynyň kömegi bilen çaganyň duýgularyna, hukuklaryna, döredijiligine, daşky gurşawy goramaga we arassaçylyga bagyşlanan interaktiw menzillere barýan ýolagçylar hökmünde çykyş etdiler. Syýahat çagalara her mowzuk menzilinde dürli öwrediji we gyzykly oýunlar oýnamaga mümkinçilik berdi. ÝUNISEF-iň çagalara niýetlenen ýörite stendi ýaş işjeňleriň ünsüni özüne çekdi, olar bu ýerde ÝUNISEF-iň bütin dünýäde we Türkmenistanda alyp barýan işleri barada has köp zat öwrendiler.
Çäräniň ikinji bölüminde çagalara ÝUNISEF-iň ofisi boýunça gezelenç teklip edildi, ol ýerde çagalar ulular bilen ýerlerini çalşyp, öz arzuwlary hakda gürrüň bermäge, isleýän geljegini suratlandyrmaga we mümkinçilik aldylar we olaryň sözleri diňlendi. Olar ÝUNISEF-iň wekiliniň stoluny eýeläp, işgärler bilen onlaýn ýygnak geçirdiler. ÝUNISEF bu çäräni guramakda we Bütindünýä çagalar gününiň bellenilmegine goşant goşmak üçin, «Ýeňme» guramasynyň meýletinçilerini we bloggerleri işe çekdi.
“Biziň wezipämiz dünýädäki her bir çaganyň bähbidi üçin işlemek. ÝUNISEF 190-dan gowrak ýurtda we çäklerde çagalaryň we maşgalalaryň saglygyny hem howpsuzlygyny gorap saklamag kömek etmekde öň hatarda barýar. Bu aýratyn günde, Bütindünýä çagalar gününde, çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň taryhy taýdan kabul edilendigini bellemek üçin, çagalary we ýaşlary BMG-niň öýünde gadyrlamak biziň üçin uly hormatdyr, sebäbi biz her bir çaga üçin has gowy dünýä gurmak üçin işleýäris” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky metbugat kätibi Mähriban Seýitliýewa nygtady.