mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň goraghanalary – bioköpdürlüligiň sakçylary

view-icon 1314
Türkmenistanyň goraghanalary – bioköpdürlüligiň sakçylary

Türkmenistanda özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsine baý ekologiýa ulgamlarynyň dürli görnüşleri bar. Ýurduň tebigy baýlyklaryny, aýratynam «Gyzyl kitaba» girizilenlerini we diňe bizde ösýänlerini (endemikleri) goramak üçin döwlet goraghanalarynyň dokuzysy döredildi, olaryň düzüminde köpsanly çäkli goraghanalar bar.

Olardan iň baýrysy – Lebap welaýatynyň çäginde ýerlşeýän Günorta-Gündogar Garagumdaky Repetek döwlet goraghanasy 1927-nji ýylda bu ýerde baryp 1912-nji ýyldan bäri işläp gelen çägelik-gumluk stansiýanyň ýanynda döredilýär. 1979-njy ýylda oňa «biosfera» halkara goraghana derejesi berilýär. Türkmenistanda iň yssy bu ýerde çägelik subtropik çöllere we aram guşaklyga mahsus, aýratynam «Gyzyl kitaba» girizilen haýwanlaryň seýrek görnüşleriniň birnäçesi ýaşaýar. Goraghanada özboluşly gara sazaklyk we ösümlikleriň seýrek görnüşleriniň birnäçesi goralýar.

Döwlet goraghanalarynyň ýene biri – Ahal welaýatynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän «Bereketli Garagum» 2013-nji ýylda Garagum çölüniň özboluşly ekoulgamyny we tebigy baýlyklaryny goramagy kämilleşdirmek maksady bilen dördildi. Goraghanada we onuň çäkli goraghanasynda haýwanlaryň 1000-den gowrak görnüşi bar, ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär, olaryň arasynda berk goralmagyna mätäç «Gyzyl kitaba» girizilenleri-de bar.

Şu ýyl türkmenistanly ekologlar Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän adybir goraghananyň 35 ýyllygyny bellediler. Goraghanada ösümlikleriň 990-a golaý görnüşi, haýwanalryň 180-den gowrak görnüşi bar. Goraghanada «Gyzyl kitaba» girizilen haýwanlar, kars gowaklary, Köýtendagyň beýleki özboluşly tebigy binalary bar. Bu ýerdäki ýurdumyzyň iň belent daglary Pamir-Altaý dag ulgamlarynyň Gissar gerişleriniň günbatar şahasy bolup, aýratyn geobotaniki zolak hökmünde bellenilýär.

Türkmenistanyň goraghanalarynyň hersi özboluşlydyr, Türkmenistanyň günortasynda Mary welaýatynda ýerlşýän Bathyz goraghanasynyň Orta Aziýada deňi-taýy ýokdur. Ol köp wagtdan bäri bu ýerde barlaglar geçiren alymlaryň – geografiýaçylaryň, topragy öwrenijileriň, botanikleriň we zoologlaryň ünsüni özüne çekýär, ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň deslapky sanawyna girizildi.

Türkmenistanyň goraghanalary – tebigaty we onuň bioköpdülüligini goramagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň genetiki fonduny öwrenmek we saklap galmak bilen meşgullanýan özboluşy tebigy laboratoriýadyr. Olarda öz sebitinde tokaýlary dikeltmek işlerini guramaga ýardam edýän nahalhanalar bar.

Geçen ýylyň awgustynda Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynda habar berlişine görä, Bathyz goraghanasynyň we Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň tiz wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyna girizilmek meselesi öwrenilär.