Ï Lebap welaýatynda şaly oragynyň döwlet meýilnamasy ýerine ýetirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýatynda şaly oragynyň döwlet meýilnamasy ýerine ýetirildi

view-icon 3478
Lebap welaýatynda şaly oragynyň döwlet meýilnamasy ýerine ýetirildi

Welaýat boýunça 2021-nji oba hojalyk ýylynda jemi 10 müň 200 gektar ýere şaly ekilip, ondan 47 müň 600 tonnadan gowrak şaly hasyly alyndy.

Ekişinden başlap orak möwsümine çenli köp mukdarda suw talap edýän bu möhüm azyklyk ekiniň bol suwly Amyderýany jähekläp oturan Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda ekilmegi, ýerleriň tejribeli daýhanlara ynanylmagy, ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilmegi şalynyň bol hasylyny kemala getirmeklige şert döretdi. Orak möwsüminiň guramaçylykly ýola goýulmagy, kuwwatly tehnikalaryň güýjünden doly peýdalanylmagy ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz, öz wagtynda ýygnamaklyga mümkinçilik döretdi.

Häzirki wagtda meýdanlarda galan şaly hasylyny ygnamak işleri dowam etdirilýär.