mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk

view-icon 1342
Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk

Tutuş dünýäde bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda Täze ýyl baýramyna – dünýäniň ähli halklaryny, ululary we çagalary gyzyklydan şatlykly üýtgeşmelere garaşmak bilen birleşdirýän baýramçylyga taýýarlyk görülýär. Geçirilýän iş maslahatlaryň, mejlisleriň dowamynda söwda ulgamlarynyň we dürli hyzmatlaryň baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Garaşylýan jadyly baýramçylyk duýgularyny döredýän medeni çäreleriň giň meýilnamalary taýýarlanylýar.

«Älem» medeni dynç alyş merkeziniň meýdançany bezeýän arça agajynda yşygy ýakmagyň dabarasy däbe öwrüldi. Ýaş estrada aýdymçylarynyň «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýär. 31-nji dekabrda esasy Täze ýyl baýramçylyk dabaralary medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda «Älem» medeni dynç alyş merkezinde, Döwlet sirkind, şeýle hem welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde geçiriler.

Öýleri, howlulary we baglary bezemek üçin dürli Täze ýyl harytlary: arça agaçlary, arça agaçlarynyň bezegleri, ýumşak oýunjaklary we maşgala hem dost-ýarlaryňyzy sowgat bilen begendirmek üçin zerur ähli zady adaty Täze ýyl ýarmarkalary müşderilere hödürlär. Dükanlarda baýramçylyk dabarasy üçin köp azyk önümlerini, şeýle hem Täze ýyl suprasyny bezemek üçin gap-gaç, gül, şem, desmal, güldan tapyp bilersiňiz.